» BAŞ SAHYPA  » MUKADDES KITAP  » "ISA" FILMI  

  » ÇAGALAR SAHYPASY  » YBADAT  » HALAS BOLMAK 

   

 

» Biziň gündelik 
    çöregimiz

» TV Wagyzy
» Radio
» Filmler
»
Aıdymlar
» Kitaphana
» Şaıatlyklar
» Sorag we jogap
» Habarlaşyk

 

» Forum
» İükle
» Video Klipler
» Makalalar
» Dört ruhy 
    hakykatlar

» Sowgatlar
» Bildirişler
» Linkler

Agtar

»



 






































 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



















































































































































































































































 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Saıatlyklar

 

Taňry Isa Mesihe bolan ynamy üçin öldürlen Gurbandurdy Turaniniň şaıatlygy

Gurbandurdy Turani 1952 ı Eıranyň Gonbad-e-Kavus şäherinde, türkmen maşgalasynda eneden bolıar.  Ol maşgalada sekiz çaganyň biri, onuň 6 erkek dogany we 1 sany gyz jigisi bolıar. Onuň kakasy fundamental musulmandy, ol Soni Hanafi atly Yslam toparyna degişlidi.  Ol çagalaryny Yslam ıoly we kanunlary boıunça terbiıeleıär we şol ıoldan gitmegi üçin ol ähli zady etdi.  Gurban mekdebi gutarandan soňra Yslamyıeti Müsürde, ıokary okuw jaıynda okamak isleıär.  Onuň bütin islegi Sunni Yslam lideri bolmakdy.  Emma onuň kakasynyň onuň Müsürde okatmaga maddy taıdan mümkinçiligi ıokdy.  Gurban okuwa gidip bilmese-de yslama degişli kitaplary we Hudaıy şol kitaplaryň üsti bilen gözleıärdi.  Birnäçe wagt geçenden soň, ol käbir jenaıat işlere el urıar we başgalar bilen söweşde bolıar. Ol Hudaı ıok diıen karara gelip, kommunistleriň pikiri dogrydyr öıdip kommunistik ideıalaryny kabul edıär.  Ol öılenip maşgala gurıar. Gurbanyň 3 gyzy we 1 ogly bolıar.  Gurbanyň aıaly 4-nji çaga garaşıarka, Gurban 1983 ı gowy iş tapmak üçin Türkmenistana gitmegi çözıär.  Şol wagtlary Türkmenistan kommunistleriň gol astyndady, (ıagny Sovet Soıuzyndady).  Gurban Türkmenistana gelıär, we erbet hem-de agresivligi üçin ol kän jedeldir uruşlara girişıärdi.  Bir gezek ol bir adamy pyçaklap öldürıär.  Eden jenaıaty üçin ol tussaga alynıar we 15 ıyla azatlykdan mahrum edilıär.  Ol tussagda kyn wagtlary geçirıär.  Ol tussaghananyň iň erbet, rehimsiz şahsyıeti diıen adyny «gazanıar».  We onuň bolşuny hiç bir zat üıtgedip bilmeıärdi.  1988 ı Gurban özüni öldürmäge synanyşıar.  Ony derrew keselhana getirıärler, emma lukmanlar onuň ıaşamagyna hiç bir umyt bermeıärler.  Emma gudrat bilen Gurbanyň ıaşaışy kesilmeıär.  Gurbany täzeden tussaghana getirıärler.  Bir gezek şol tussaghana mesihiler gelip Hoş Habar aıdıarlar.  Gurban olary we olaryň aıdanyny şol pursat ret edıär.  Soňra başga ıerden onuň tussaghana otagyna bir tussag edilen ynsany geçirıärler.  Bu adam rus mesihidi we ol Isa Mesihe ynamy üçin tussag edilendi.  Onuň ady Konstantindi.  Konstantin Gurban bilen dost bolıar we Hoş Habar bilen paılaşıar.  Konstantin Mesihiň söıgisinden doludy.  We ol Gurbandan: «Sen Isa Mesihiň Hudaıyň Oglydygyny we Ol dünıäniň Halasgäridigini bilıärmisiň? - diıip sorady. Gurban Konstantine: «Hudaı umuman ıokdur»-diıip jogap berdi. Gurban uzak wagtlap Hoş Habary ret edıärdi. Ol Konstantine: «Sen henizem Isa Hudaıyň Ogly diııämi?!» - diıip jogap bererdi.  Emma näçe köp Gurban Konstantini tanasa şonça-da köp ol Konstantiniň Hudaıyň söıgisinden we mähirinden hem-de Hudaıyň parahatlygyndan doludygyny bilıärdi. Konstantini görmek üçin yzyndan gelıän mesihileriň hem Hudaıyň rahatlygyndan doludygyny bilıärdi. Konstantin Gurban üçin Täze Äht Kitaby buıurıär we oňa bu Kitaby sowgat edıär.  Konstantin oňa:  «Şu Kitaby oka we meniň saňa Isa Mesih barada gürrüň berenlerimi şu ıerden okap doly öwrenip bilersiň.  Şonda sen Oňa garşy söweşip biljek-bilmejekdigiňe doly düşünersiň».  Gurban Täze Äht Kitaby alyp okajakdygyna razylygyny bildirıär.  Ol iki hepdäniň içinde bütinleı Täze Äht Kitaby okap gutarıär.  Onsoň ol Konstantine: «Men Isa Mesihi Taňry we Halasgär hökmünde kabul etjek, we mesihi boljak» - diıip ıüzlenıär.  Onuň dosty Konstantin Gurban üçin ybadat edıär we şol pursat Gurban ybadatda durmuşyny Taňry Isa tabşyrıar we Taňry Isany şahsy Halasgäri we Rebbi hökmünde kabul edıär.  Ol mesihi bolandan soňra, Gurban tussaghananyň başlygyna tussaghanada Hudaıa hyzmaty we Hoş Habary wagyz etmegi geçirmäge rugsat soraıar.  Tussaghananyň başlygy Gurbanyň durmuşynyň düıbünden üıtgändigine haıran galyp oňa: «Seniň sežde edıän Hudaıyň seniň durmuşyňy şeıle täsin üıtgeden bolsa, onda menem saňa Hudaıa hyzmaty geçirmegiňe rugsat bereıin» - diıip jogap berıär. Konstantin Gurbana berlen rugsata haıran galıar.  Ol Gurbana şeıle diııär: «Şu tussaghanada geçiren bütin ıyllarymda maňa we başgada mesihilere hiç-haçan saňa berlen mümkinçilik bize berilmedi, ıagny saňa Hudaıa hyzmat geçirme mümkinçiligi berildi.  Sen täze ynanyjy, emma Hudaı eııäm seni täsin ıollary bilen ulanmaga başlady.  Sen tussagdan azatlyga çykanyňda Eırana gaıt, öz milletiň, türkmenleriň arasyna bar we Hudaı seni türkmenleriň arasynda we öı ıygnanyşyklarda ulanar» - diıdi.  1998 ı Gurban azatlyga çykıar, ol 15 ıyl tussagda bolıar.  Ol azatlyga çykandan soňra Eırana öz Gonbad-e-Kavus diıen şäherine gelıär. Ol maşgalasyny görıär, 15 ıyl aıralykda…  Entäk ol Eırandan Türkmenistana iş gözlemek üçin giden döwründe, onuň maşgalasy 4-nji çaga garaşıardy.  Indi bu çaga Gurbanyň 15 ıaşyndaky gyzydy.  Gurban öz öı-içeri bilen Hudaıyň adamzat üçin beren halas bolma plany bilen, ıagny Hoş Habar bilen paılaşıar.  Ol Täze Ähtden we Konstantinden öwrenen ähli mesihi taglymaty bilen paılaşıar.  Onuň maşgalasy Mesihe ynanıar we Gurbanyň jan etmegi bilen, oňa Mukaddes Ruhuň aıan etmegi, Hudaıyň Mukaddes Sözüniň okamagy we Hoş Habary paılaşmagy bilen, 12 sany türkmen öz durmuşyny Reb Isa Mesihe tabşyryp, mesihi bolıarlar.  We bu Gurbanyň öz şäherine geleninden başlap iki ıylyň dowamynda bolup geçıär.   Onsoň ol maşgalasy bilen başga bir uly şähere göçıär.  Oňa täze ynanyjylary şägirt edip taııarlamakda ıygnanyşygyň kömegi gerekdi we şol täze göçen şäherinde ol oňa kömek berip biljek, şol şäheriň ıygnanyşygyndan bir ruhy dogan bilen tanyş bolıar.  Bu ruhy dogan Gurbanyň ıanyna we onuň öı ıygnanyşygyna ençeme gezek gelip görıär we olara kömek berıär.  Soňra Gurban ruhy çopanlygy Mukaddes Kitapdan öwrenme programmany okap gutarıar.  Gurbanyň 7 ıylyň içindäki hyzmatynda Hudaıyň işi türkmenleriň arasynda gaty ösıär we 35 türkmen mesihi bolıar.  Gurban batyrgaı, gorkmaıan mesihi ıolbaşçy bolıar.  Ol tutanıerlilik bilen Taňry Isa hakda köçelerde, dükanlarda we bazarlarda güwä geçıärdi. Ol öz ynamyny içinde saklamaly däl diılen piker bilen ıaşaıardy we şunlukda ol ähli baran ıerinde Hoş Habary wagyz edıärdi.  Ençeme gezek Gurbana öz şäherinde dindar adamlar howp salıardylar.  Hat-da onuň şaıatlyk etmegine garşy bolan onuň bir eneden bolan öz dogany onuň ıüzüne pyçak urıar.  Emma bu garşylyklara seretmän, ol hemişe Taňry Isa barada, näme bolsa-da guwä geçıärdi.  Onuň türkmen halky üçin ıüregi awaıardy we türkmen halkynyň Reb Isa gelip halas bolmagyny küıseıärdi.  Bu gadyrdan adam 2005 ıylyň 22 noıabyrynda uly töleg töleıär.  Ony belli däl bir topar tussaga alıar; ony urıarlar, gynaıarlar we pyçaklap öldürıärler. Onsoň bu näbelli topar onuň jesedini, onuň öıüniň derwezesiniň öňüne taşlap gidıärler.  Gurbandurdy Turani Isa Mesihe bolan ynamy üçin öldürlen ilkinji türkmen mesihi.  Gurban öldürlenden soňra, milli howpsyzlyk politsiıa işgärleri onuň öıüne gelip kanuny bozup öıüni dökıärler we öıünden mesihi materiallary bikanunlyk bilen alyp gidıärler. 

Gurban ölüminden ozal öz söıgisini Taňry Isa bildirip we oňa durmuşyny bagyş etmegi barada birnäçe setir ybadat sözlemi ıazıar:  «Gadyrdan Rebbim Isa, men Seniň çüı kakylan aıaklaryňy görmegim üçin, Öz ıanyňa barmagyma rugsat et!  Gadyrdan Rebbim Isa, men Seni pes göwünlikde şöhratlamagyma we çüı kakylan aıaklaryňdyr, elleriňi oşamagyma rugsat et.  Sen Golgotada haçda 4 sany çüı bilen çüılendiň, Seniň ganyň akıardy we şol bir kynçylykda Sen nähili öz ıaradan bendäňi güıçli söıüpdiň?!  Sen hat-da Seni haça çüılänleri tüıs ıürekden gujaklap kabul etmäge taııardyň.  Sen meň üçin jebir çekdiň.  Diňe meň üçin däl eısem meniň ene-atam üçin hem…  Meň üçin sen iň agyr jebiri çekdiň, Sen 6 sagat haçda asylgy bolduň.  Beıle Sen azap çekmäni görmezligiň üçin, men günäsiz bolsamdy; Men şol ıerde bolmak isleıärin we Seniň haçda mahalyň mähirli elleriňden çüıleri aıyrmak isleıärin. Men Seniň ejir çekmezligiňe kömek berip bilerdim diıen pikirim nähili pähimsiz görünıär. Taňrym Isa, goı men Seniň mukaddes Adyňy bu ıerde her bir pursat şöhratlap bileıin.  Men öz islegim bilen öz durmuşymy Saňa, Sen üçin we ıygnanyşygyň üçin bagyş edıärin» Omyn!

 

U.K.
Men T
ürkmenistanyň Daşoguz şäherinden.

Men Taňry Isa Mesihe Turkmenistanda ynandym. Meniň özim maddy taıdan ıeterli maşgaladan. Çagalygymdan bäri Hudaıyň bardygyna ynanıaryn. Meň dinim dogry öıdip öz pikirime, daş-töweregiň medeni pikirine esaslanyp, men hakykatda yaşaıaryn öıdıärdim. Emma musulman diyip musulmançylykdanam kän bilmeıärdim. Edil her bir turkmeniň men musulman diıişi ıaly menem özüme musulman diııärdim. Emma 1994 ıylda durmuşyma kynçylyklar geldi. Şonda çyn ıüregimden Hudaıa: «Sen barmyň Eı Hudaı, eger bar bolsaň meň kynçylygymy şu hepdäniň içinde düzet, haıyş, diıip Hudaıa ıüzlendim. Ikinji soran zadym:  «Eger Sen hakykatdanam meni eşidip duran bolsaň onda Öz hakykatyňy maňa edil şu hepdäniň içinde aıan et, haıyş.» - diıdim. Şol hepdäniň içinde meni Hudaı kynçylyklarymdan çykardy. Şol hepdäniň içinde Hudaı meni ıörite bir adam bilen duşuşdurdy. Ol maňa Reb Isa Mesih hakda gurruň berdi. Men Hudaıyň meniň uçin planynyň amala aşıandygyna doly düşündim. Men Reb Isanyň meniň gunälerim uçin gurban bolanyna ynandym. We Hudaıyň meni söııänligine we Onda meň üçin hemişe gowy niıetiniň bardygyna duşündim. Emma men günälerim sebäpli Hudaı bilen aragatnaäygymyň saz bolmajagyna hem düşündim. Hem-de özumiň güıjim bilen, gowy tertip-düzgüni saklamak we medeniıetli bolup ıöremek bilen Hudaıyň ıanynda aklanyp bilmejegime hem doly göz ıetirdim. Sebäbi eger men Hudaıyň beren adam uçin parzlarydyr, kanunlaryny ıerine ıetirip ıörän wagtym birini bozaısam, onda bütin kanuny bozanym bolıar. Sebäbi Hudaı uçin bir günä, hem günädir. Adam bir günä üçin hem dowzah odyna düşüp biler.
Durmuşyma göz aıladym... Özümi arassa diıip hasap edıärdim, emma maňa gurruň beren adam Mukaddes İazgydan her bir erbet pikir, bir işi eden wagtyň näme maksat bilen edıändigiň üçin(ıagny motiviň uçin), ıa-da birine ters gurläniň, biri bilen kejeleşıändigiň, uruş we kän ş.m. Men özümiň günäden dolydygyma bütinleı göz ıetirdim. Eger men günde 10 gezek günä etsem, onda 60 ıaşymda näçe günä ederinkä. Goı 5, ıa-da goı günde 1 gunä edip goıberäıenimde-de, onda 1 ıylda men 365 sany günä edıan.  60-70-ime ıetsem bu gunäleriň sany näçe bolarka? Şonda pikirlendim: "Eger Hudaıyň öňünde öz güyjim bilen aklanjak bolyp diňe 1(ıalňyş) günä günde edenimde, onda....
Onda ölemde Hudaıyň öňünde bu gunälerim bilen men göni dowzaha gitjegimi aıdyň bildim.
Emma bu adam maňa şatlykly habar, Hoş Habar getirdi.
Ine gysgaça:
Hudaı meniň dowzaha gitmegimi islemeıär. Ol meni Atalyk söıgisi bilen soııändigini aıtdy. İerdäki ene-atada terk etse Hudaı meni asla terk etmejekdigi hakda gürrüň berdi.
Bu adamyň maňa aıdan Hoş Habary - bu biziň günälerimiziň ahlisini 2000 ıyl mundan ozal Taňry Isa Mesih Öz üstüne aldy. Ol meniň, seniň we bütin dunıäniň günäsi uçin İeketäk Gurban Guzusy boldy.
Hudaı ozaldan adam bilen äht baglaşdy. Köne Äht wagty Hudaı Musa pygambere kanunlary berıär. We eger adam günä etse, onda adam öz günäsini ıuwmak üçin bir janlyny gurbanlyga getirmelidi. Bu diımek günäli uçin günäsiz ölıär diımegi aňladıar. İene-de beıle etmek bilen diri Hudaı adama: wagt geler, Men size Kämil Gurban Guzyny ıere ibererin diıip wada berıär. Wagt gelip ıetıär.
Hudaı 2000 ıyl mundan ozal bütin adamzada, geljek nesile wada beren Gurbanlygyny getirdi. Bu-da Isa Mesihdi. Isa Mesih haçda ölen wagty: «Ata, olaryň günälerini bagyşla, çünki olar näme edıänini bilmeıärler» - diıdi. Şonda Isanyň sag we çep tarapynda iki sany garakçy hem haça çüılenipdi. Bular öz günäleri uçin haçda ölip barıan garagçylardylar.  Olaryň biri, Reb Isanyň Taňry, Halasgär hökmünde ynanman, gaıtam Rebbi ıazgarıar. Beıleki garakçy: «Rebbim huzuryňa baramda meni yatla diydi. Reb Isa oňa: «Men saňa hakykatdan diııärin: "Häzir meň bilen jennetde bolarsyn"- diydi.
Bu taryh juda meni begendirdi. Garaşman men Reb Isa şeyle ybadat bilen yüzlendim: "Tangrym Isa Mesih! Sen maňa gereksiň! Sen hakykatdanam Halasgarsiň! Tangrym Isa, meniň günälerimi bagyşla, men Seniň Öňüňde tagzym edıän; meň kalbyma gir, meniň Halasgärim we Hudaıym bol!" diıdim.
Şol pursatdan (1994ı.dekabr aıydy) Reb Isa Mesih Mukaddes Ruhy bilen durmuşyma girdi. Ol meniň içki durmuşymy üıtgetdi we häzir hem üıtgedıär. Meň garaıyşym bütinleı gowy taraba üıtgedi.
Men Reb Isany şahsy Halasgarim, Hudaıym diıip kabul edenime  hiç wagt puşman etmedim. Eııäm Taňry Isany kabul edenime basym 14 ıyl bolar. We men häzir hem Reb Isa bilen ruhy durmuşymy alyp barıanyma we Onda  Hakykaty tapanyma örän şat!  Men gün-günden  Ol bilen ruhy aragatnaşygymy ösdürıärin.  We Ol maňa, meniň kalbyma hemişe rahatlyk berıär. Reb Isada biz üçin hemişe gowy niıetiň we gowy maksadyň bardygyny men aıdyň bilıärin, sebäbi Ol mähirden doly, Onuň her birimiz üçin rehimi gelıär. 
Gadyrdan dost! Isaň gapdalynda ölen iki garakçyny ıadyňa sal! Biri baky dowzaha, beıleki bolsa baky jennete gitdi.
Senem bakyıet barada pikirlen, Çünki tapawudy ıok adam ylymly-bilimli bolsyn, ıa-da sowatsyz, ıokary wezipeli işgär ıa-da işsiz, baı ıa-da garyp, Prezident ıa-da ıönekeı raıat, her bir adam Hudaıyň öňünde durar we her bir adamyň Hudaıyň öňünde durmaly wagty geler.
Hudaıyň hakykaty bir, jennete eltıän yol hem birdir. Ol ISA MESIH.
Gadyrdan dost!  Eger sen Reb Isany kalbyňa çagyrsaň, Ondan günäleriň uçin ötünç sorasaň, onda Ol seni eşider we seni bagyşlar we saňa Mukaddes Kitapda wada berşi ıaly ebedi durmuşy berer.
Ynha Mukaddes Kitapda Reb Isanyň aıdan Sözleri:
"Men İol, Hakykat we İaşaıyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez" (Yahya 14:6)
"Ölüler diıarynyň açary Mendedir"(Ylham 1:18)
Şonuň uçin dost diňe, diňe Reb Isa günäleriňden halas edip, ebedi ıaşaıyş beripr biler! Omyn.

U.K.



J.Ş
 

Men J.Ş., Türkmenistanyň Daşoguz şäherinden.  Men musulman maşgalada doguldym we önüp ösdüm.  Meniň ene-atam, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny öwredıärdiler. Men olar bilen birlikde öwliıälere gidip musulmanlaryň hudaıy alla sejde edıärdim.  Biz alladan köp zatlar dileıärdik.  Mysal üçin: durmuşda bagtly bolmagymyzy, keselimizden sagalmagymyzy dileıärdik.  Men palmanlara, tebiplere ıüzlenıärdim.  Men adamlaryň ölıänini görıärdim.  Şol wagty men pikirlenıärdim men ölsem näme bolar?  Maňa näme garaşar?  Meni şol sorag gynandyrıardy.  Men ölümden gorkıardym.  Mende durmuşyň manysy ıokdy.  Tersine kynçylyklar köpelıärdi.  Maňa alla kömek etmeıärdi.  Emma haçanda meniň özümden kiçi doganym maňa Isa barada gürrüň berende, Isa Mesih meniň günälerimi bagyşlap biljekdigini we baky ıaşaışy sowgat hökmünde berıändigini eşitdim.  Men Isa Mesihi şu sözler bilen ıüregime çagyrdym: «Taňrym Isa Sen maňa gerek.  Men Saňa mätäç.  Meniň günälerimi bagyşla.  Men ıüregimi Seniň üçin açıaryn.  Meniň Taňrym hem Halasgärim bolmagyňy isleıärin.  Meniň durmuşymy eliňe al we ıolbaşçylyk et. Omyn».

  Isa Mesih meniň ıüregime girendigine ynandym.  Sebäbi Ol şeıle diııär: «Ine men işikde duryn, gapyny kakıaryn.  Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin.  Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile damak iıer» (Ylham 3:20).  Indi Ol hemişe meniň bilen.  Taňry Isa Mesih şeıle diııär: «Seni hiç haçan terk etmerin, Seni hiç haçan taşlamaryn» (İewr.13:5).  Ol meni söııär: «Çünki Hudaı meni köp söııänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ıaşaışa gowuşsyn diıip, Özüniň ıekeje Ogluny berdi» (İahıa 3:16).  Isa Mesihiň gany meniň günälerim üçin döküldi.  Ol meniň üçin öldi, üç günden soň hem direldi.  Häzir hem Isa diri.  Ol meniň her bir gaıgy-gamymy bilıär we meniň üçin alada edıär.  Men baky ıaşaışa eıe boldum.  Meniň durmuşym üıtgedi.  Isa Mesih maňa täze ıaşaıyş berdi.

  Mukaddes Kitap Injil şeıle diııär: «Bu güwälik bolsa şudur: «Kimde Ogul bar bolsa, onda ıaşaıyş hem bardyr, kimde Hudaıyň Ogly ıok bolsa, onda ıaşaıyş hem ıokdur».  Eger meniň ömrüm gutarsa, men jennetde boljakdygyma ynanıaryn».

 

J.Ş.

 

 

M.P.

 

Men dünıäde iň günäkär iki adam bolsa, şonuň biridim.  Men durmuşymda içmegi, çekmegi, gybat etmegi, paıyş sözleri aıtmagy, gazaplanmagy, el galdyrmagy we başga-da aıdyp bolmaıan her hili günäleriň gulydym. Her gezek «günä» etmekden lezzet alıardym, emma soňra bolsa ıüregim gynanıardy we ıygy-ıygydan hiç kim ıok ıerde ıürekden aglaıardym.  Şunça günälere nädip jogap bererin diıen pikir meni biynjalyk edıärdi.  Emma bary-bir durmuşym üıtgemeıän görnüşde aılanyp durdy.  Men öz güıjim bilen günä garşy hiç zat edip bilmeıärdim.  Şol günlerde meniň gyz jigim R. öıde dyngysyz Mukaddes Kitap - Injili okaıardy.  Men hem bir-iki gezek okamaga synanyşdym, emma hiç zat düşünmeıärdim.  Soňra men gyz jigimden: «Bu okan zatlary düşündirip bilıän hiç kim ıokmy?» diıip soradym.  Onda meniň gyz jigim maşgalamyza gartaşan ıaşly ynanıan adamy we onuň ogluny çagyrdy.  Olar bize Isa Mesih hakda, Ony Reb diıip kabul edenleriň günäleriniň geçilişi hakda aıdyň gürrüň berende, biz bütin maşgalamyz bilen begenip, göz-ıaşlarymyz bilen toba edip Isa Mesihi Reb diıip kabul etdik. Şol sagatdan başlap meniň durmuşym üıtgemäge başlady.  Aıdyp geçilen günälerden we günäniň guly bolmagyndan meni Rebbim Isa halas etdi.  Häzir men örän şat we Onuň meni üıtgedendigine, täze durmuş berendigine, Onuň rehimi we Sözi üçin hem-de meni perzendi edip saılandygyna örän minnetdar. 

                                                                                            M.P.

 



H.M.

 

Taňry Isa Mesihi kabul etmezden ozal, men her bir adamyň hapa sözler bilen çalt gaharyny getirip bilıärdim.  We has erbedi men hiç kimden hiç wagtam bagyşlama soramaıardym.

Hawa, men öz pikirime görä tertipli durmuş alyp barıärdym.  Meniň daş-töweregimde örän köp tanyşlarym, joralarym bardy, emma olaryň barlygy meniň üçin hiç zat aňlatmaıardy.  Aslynda özümi ıeke duııardym.  Men özüme hakyky, ıakyn dost, ıagny meni asla hiç bir ıagdaıa seretmezden, hiç haçan terk etmejek şahsyıeti gözleıärdim.

  Bir gezek men öz öıümden (Balkan welaıaty) Aşgabada ugradym.  Aşgabatda men tanyşyma duşdym, ol Isa Mesihe ynanypdyr.  Ol maňa Taňry Isa Mesih barada şaıatlyk etdi.  Ol maňa: «Taňry Isa – Ol iň ıakyn Dost, Ol Atalyk söıgisi bilen seni söııär»- diııip gürrüň berdi.  Ozal hem men Taňry Isa hakda ençeme gezek eşidipdim, emma  Taňry Isanyň meni öz perzendini ıaly Atalyk söıgisi bilen söııändigini men hiç bilmeıärdim.

  Men oňa gödek jogap berdim we ol dymdy.  Men birnäçe günden soňra Aşgabatdan öıüme dolandym.  Öz öıümde men gijelerine uklap bilmeıärdim, sebäbi meniň şol gödeklik bilen jogap beren sözlerim biynjalyk edıärdi.  Beıle durmuşymda ozal asla bolmady. Emma şol Isa Mesihe ynanıan tanyşyma erbet jogap berenim maňa gijelerine uky bermeıärdi. Şeıdip gijelerine ıatman 5 aı töweregi wagt geçdi.  Meniň bilen name bolup geçıändigini men düşünmeıärdim.  Ahyry men Hudaıa ıüzlenip başladym we Ondan men şol Isa Mesihe ynanıan tanyşym bilen duşuşdyrmagy we aıdan sözlerim üçin ötünç soramaga mümkinçilik bermegini haıyş etdim.  «Eı Hudaıjan, eger Sen bar bolsaň, onda maňa kömek et, men ol bilen duşuşaıyn, eger bu haıyşymy ıerine ıetirseň onda seniň hakykatdan barlygyňy bilerin» - diıdim. 

   Men Hudaıdan ähli soran zatlarym üçin jogap aldym.  Ol meniň kynçylygymy örän tiz çözdi.  Ol maňa Onuň diridigini subut etdi.  Men Taňry Isanyň bardygyna göz ıetirdim, men günälerim üçin toba etdim, ıüregimiň gapysyny Oňa açdym.  Taňry Isa meniň Halasgärim we meni asla taşlamaıan, meni terk etmeıän ebedi Dostym boldy.

   Meniň durmuşym täzelendi we üıtgedi.  Içki erbet pikirlerleriň ıerine tämiz pikirler geldi.  Şol ıekelik, boşluk meni terk etdi.  Taňry Isa maňa garşy hereket edıänleri bagyşlamaga we meniň hem öz gezegimde adamlardan bagyşlama soramagy öwretdi.  Men indi Diri Hudaıyň menden sowulyp geçmedigi üçin örän minnetdar.  We meniň ybadatym, goı Hudaıyň hut Özi her bir ıürege Halasgär bolup girsin.  Omyn.                       

 

                                                                                          H.M



 Ş.N 

 

    Men köp çagaly maşgalada ulaldym.  Hossarlarym bize köp zady öwrederdi.  Maşgalada her kimiň etmeli işleri bardy.  Ondan başga-da biz däp-dessurlary hökman ederdik.  Bu obada ıaşaıan adamlaryň hemmesine-de magsusdy.

       Men Taňry Isa ynanmazdan ozal öwlüıalara, mazarlara sežde ederdim.  Ol ıerler mukaddes we  meniň aıdıan zatlarymy eşidıändir diıip pikir edıärdim.  Mazarlar jogap berer diıipde garaşardym.  Uklamazdan ozal her gije 3 gezek kelemäni aıdyp ıatıardym.  Mende gaharjaňlyk häsiıeti bardyNamaz okasym gelıärdi.  İüregimde boşluk höküm sürıärdi. 

    Meniň oglan doganym paıtagtda okaıardy.  Ol okuwynyň soňky ıylynda tejribe aıyny geçirmäge öıe geldi.  Şonda gepleşmäge köp mümkinçilik boldy.  Biz bile pagta ıygmaga gitdik.  Onsoň agam bir sary kitapjygy görkezip Taňry Isanyň ıere getiren Hoş Habaryny gürrüň berdi.  Men ozal Isa Mesih barada bir žurnalda okapdym.   Onda adamlaryň oılap tapan rowaıatlarynyň biri gürrüň berilıärdi.  Men agam Taňry Isa hakynda gürrüň berende onuň gözlerinde umyt gördüm we bu ıönekeňje aıdylan gürrüň maňa bu zatlara biperwaı seretmäge goımady.   Agamyň aıdyşy ıüregime berk ıerleşdi.  Sözüniň soňunda agam säginip, şeıle diıdi: «Eger, sen eşidipde, iman etmeseň,  eşitmän gidenleriňkiden jezaň agyr bolar.  Hudaı hem rehimli hem adyldyr»...  Men bu sözlerden gorkdym we ıönekeıje sözler bilen doganymyň kömegi bilen iman etdim.  2004-nji ıylda suwda çokunyp, günäler üçin ölendigimi adamlaryň we perişdeleriň öňünde ykrar etdim. 

  Taňry Isa ynanandan soň Injili okap başladym.  Köp zatlara kem-kemden düşünip başladym.  Durmuşymda köp zatlar üıtgäp başlady.  Dogry, nädogry zatlara düşündim.  Maňa Hudaı Öz merhemeti boıunça köp zatlary açdy, öwretdi.  Indi men namaz okaıan, mazarlara sežde edıänlere ıüregim bilen gynanıaryn.  Men Taňry Isany kabul etmek bilen Taňrynyň perzendi boldym.    Men myny nireden bilıärin?  Bu barada Hudaıyň Sözi Mukaddes Kitapda aıdylıar: «Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaıyň oglanlary bolma hukugyny berdi.  Olar gandan, bedeniň islegi bilen ıa-da adamyň islegi bilen dogulman eısem, Hudaıdan doguldylar».  Meniň islegim meniň üstüm bilen hem adamlar Taňry Isany bilsinler.  Ony Halasgär hökmünde kabul etsinler.  Taňry Isa Mesih türkmenleri hem söııär!  Muny men öz durmuşymda her gün görıärin...

                                                                                                        

Ş.N  

   

                                                                        

                                                                                                           

 

Ano


 

Copyright © 2007 Merhemet.org · Webdesign/grafika:  GreenLime - Gold CMS Publishing