|
Makalalar
bölüminde siz özüňize peıdaly
pikirlerdir, maslahatlary alarsyňyz
diıip umyt edıäris. Siz bize öz
makalalaryňyzy hem goıberip
bilersiňiz. Makalaňyzy
sahypamyza çykarjakdan ozal biz siziň
bilen habarlaşarys.
Goı Hökmürowan sizi Öz akyl,
paıhasy bilen doldyrsyn!
Adamy
gul edıän syrly kerepler…

Köp adamlar şeıtanyň barlygyny we biziň
döwrümizde onuň her bir adama garşy işi
alyp barıandygyny bilmeıärler. Köplenç
şeıtanyň barlygyny bilmeıän adam,
Hudaıyň barlygyna ynanmaıar. Taňry Isa
Mesihe ynanyp, Oňa öz durmuşyny tabşyran
ynsanlar şeıtanyň işlerini açyk
bilıärler, sebäbi Isa Mesihe Reb we
Halasgär hökmünde ynanan adam
hakykatdadyr. Mesihi adam Hudaıyň
ıagtylygynda ıörän mahaly, ol Hudaıyň
erkini bilıär.
İagtylyk garaňkylygyň syryny açıar.
İagtylykda ıörän mesihi adam şeıtanyň
hödürleıän zatlaryny uzakdan bilıär.
Şeıtan – bu Hudaıyň duşmany, bütin
adamzadyň garşydaşy, ol her birimiziň
duşmanymyz. Ol adamyň hakykata, ıagny
Isa Mesihe ynanmazlygy üçin ähli
ıollardyr, planlaryny taııarlap goıdy.
Ynha bu ıollaryň birnäçesi barada durup
geçeli:
1.
Gündogar göreşleri
Gündogar göreşleri bilen baglanyşykly
adamlar muňa gowy düşünıärler. Muňa
kun-fu, ıoga, uşu girıändir. Elbetde
muňa her bir göreş girıän däldir.
İokarda agzalan göreşleriň bedenterbiıe
bilen umumy arabaglanyşygy ıokdur.
Bular bilen meşgullanıanlar tibet
monahlar ıaly şowly bolup bilmezler,
sebäbi olar muňa bütin ruhyny we janyny
berıärler. Olar demoniki gara güıçlere
olary ulanmagy üçin bütinleı açykdyr.
Monahlar garşydaşynyň nireden urgy
urjakdygyny öňünden bilıärler we öňünden
garşydaşyň ejiz we kesel ıerini
bilıärler. Olaryň intuitsiıasy ıokary
derejä ıetıär we bu adamdaky praktika
arkaly gelip çykıan normal bilim däl,
eısem gara güıçler bilen baglanyşyklydyr.
2. İorup bermeler
Hudaıyň Sözi anyk bu zatlaryň etmezligi
ündew berıär. Hudaıyň Sözi şeıle diııär:
«Siziň araňyzda
hiç kim ogluny ıa-da gyzyny otdan
geçirmesin. Palçylyk etmäň, müneçjim
ıa-da bilgiç bolmaň, jadygöılik etmäň.
Şeıle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip,
arwah-jynlar ıa-da ruhlar bilen
maslahatlaşmaň, ıa-da çözgüdiň jogabyny
ölülerden gözlemäň. Çünki, bu işleri
edıänler Reb üçin nejisdir».
Köp adamlar şeıtanyň toruna ıönekeı
akylsyzlygy sebäpli düşıärler.
Kimdir-biri ıan-ıoldaşyny öıe gaıtaryp
getirmek üçin jadygöıe ıüzlendi,
başga-biri çagany sagaltmak üçin
gözbagça(gipnozça) gitdi. Adamlar öz
çagalaryny gurbanlyk beren döwürler hem
bolup geçdi. Uly adamlar diňe bir
özlerini şeıtana tabşyrmak bilen
çäklenmän, eısem öz çagalaryny palçylara,
jadygöılere, tebiplere eltıärler. Eger
üns beren bolsaňyz, her bir palçy we
jorgutçy adamyň ruhy durmuşy bilen
arabaglanyşykly däl zatlar hakda
aıdıarlar – öılenmek, aırylyşmak,
biznesde şowly, ıada şowsyz bolmak, pul,
ölüm. Hiç wagt palçy adama Hudaı bilen
duşuşmak, Mukaddes Ruh bilen çokunmak,
täzeden dogulmak, ıagny ruhdan dogulmak
we mesihi ıygnanyşykda hyzmat alyp
barmak hakda aıtmaıar. Näme üçin?
Sebäbi palçylar şeıtana hyzmat edıärler,
şeıtan bolsa hiç wagt adama hakykaty
aıtmady we asla aıtmaz.
Mattanyň Hoş Habarynyň 5:6
«Dogrulyga
ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar
doıup ganarlar diııär». Köplenç
adamlar durmuşynda köp zatlary arzuw
edıärler – geljegi bilmek, pully we
şöhratly bolmak, bir ıerde ıa-da beıleki
ıerde şowly bolmak… Hemme bu ymtylyşlar
diňe bir zynjyry tutıar – olar
hakykatdan doıdurup gandyrmaıar. Adamy
kanagat edıän belli bir pul möçberi
ıokdur. Adamyň doıup ganar ıaly belli
bir derejeli üstünlik hem ıokdur. Adam
gara güıçleriň kerebine girende, ol asla
doımaz. Sebäbi onuň içinde düıpsizlik
bardyr we munuň ahyry ıokdur.
Diri Hudaıa ynanıan mesihi adam bolsa öz
geljegini jikme-jik bilmeıär, emma
Hudaıyň oňa: «Men seniň bilen!» - diıen
sözi ıeterlidir we gandyryjydyr. Biz
bilen ertir näme boljagy biz bilmeıäris,
emma biziň bilen näme bolsada Hudaıyň
bizi hiç taşlamajagyny biz doly bilıäris.
Eger biz dogrylyga ajygyp suwsasak, onda
Reb bizi doıdurdyp gandyrar.
3.
Okultizm hakyndaky edebiıatlar; alajalar;
boıuna, ele, öıe, öıüň daşyna, maşyna we
her bir ıere göz degmesin diıip dakylıan
her bir milli zatlar.
Okultizm adamyň janyna şikes getirıär.
Adam okultizm hakyndaky edebiıaty okap
başlanda ol öz gyzyklanmagy bilen
başlaıar. We bu gyzyklanma bilen adam
kalbynda gara güıçlere ıol açıar.
Gyzyklanmalar şahsy ynama geçıär we adam
netijede şeıtan tarapyndan daňylyp
başlaıar. Okultizm hakyndaky edebiıat
biziň döwrümizde giňişleıin ıaırandyr,
hat-da Beıik Britaniıanyň ıazyjysy
J.K. Rowling ıazan Harry Potter kitaby okultizm bilen baglanyşyklydyr.
Köpleri öılerinde, maşynda, boıuna
amulet, doga-tumar asıarlar. Beılekiler
düıe ıüňünden alajalar ellerine
dakıarlar. Şeıle etmek bilen adam «göz
degmeden» goranaryn diıip pikir edıär.
Emma bu zatlar adamy hiç zatdan
goramaıar, gaıtam şeıtanyň gara
güıçlerine taııar bolan açyk ıol ıasaıar.
Bu zatlar asla adamy hiç zatdan gorap
bilmeıär. Gaıtam adam şeıle etmegi
bilen, ol meıletin, öz islegi bilen
Hudaıyň goragyndan gidıär, sebäbi ol
Hudaıyň ony täsin gorajagyna ynanman,
adam eli bilen ıasalan zatlaryň
gorajakdygyna ynanıar! Şonuň üçin
şeıtanyň ıoly we plany – bu adamyň
ünsüni Hudaıdan we Hudaıyň ıolundan
sowmakdyr.
4.
Goroskoplar
Adamlaryň goroskoplara ynanmagy örän geň
we düşnüksiz. Eger adam dürli gazet we
žurnallary alyp goroskoplary barlasa,
onda şol bir ıyldyzyň we bellenilen
günleriň ıörgutlary biri-birine gabat
gelmeıär. Köpleri goroskoplar dogry
diııärler. Emma bu gaty ıalňyş diıip
bellemeli. Goroskoplar adam tarapyndan
düzülen we ol ıerde ıekeje hem hakykat
ıokdur! Emma adam goroskopa ynansa,
onda onuň ynamy onuň özüne şikes ıetirip
biler!
5.
Gipnoz
Geliň, kimi Mukaddes Kitap gözbagçylar
diıip at berıär?! Adamyň gözüni baglap,
onuň erkini basyp taşlaıan we oňa belli
bir hereketleri buıruk berıän adama
gözbagçy diıip Mukaddes Kitap
atlandyrıar. Kimdir-biri alkogol
içgilerden ıa-da narkotikadan azat
bolmagy üçin olara kömek üçin ıüzlenıär,
emma gowy bolmagyň ıerine olar has beter
batga batıarlar.
6.
Spiritizm
Köp adamlar tarelkanyň, stakanyň, kömegi
bilen ölüleriň ruhyny çagyrıarlar, ıa-da
ıatan adamy iki barmagy bilen götermäge
synanyşıarlar. Şeıle etmişler arkaly
şeıtan adamlary tutıar. Biziň her
birimiz öz çagalarymyza şeıtanyň beıle
işlerini etmezligi öwretmeli!
Bu işleriň arkasynda duran şahsyıet
Agzalan zatlaryň ählisiniň arkasynda
şeıtan durandyr. Şeıtan hemişe şeıtan
däldi. Ol Hudaı tarapyndan ıaradylan
perişdedi. Muny bilmek wajyp, sebäbi
Hudaıyň tebigaty şeıtanyň tebigatyndan
diňe bir moral bilen tapawutlanman,
eısem güıjiň beıikliligi bilen hem
tapawutlanıar. Ähli perişdeler hem öz
bolşunda Hudaı ıaly däl. Olar Hudaı ıaly
ähli ıerde bar Bolyjy, ähli zady
Başaryjy, Gudratly däl! Ozal başda
şeıtan heruwim perişdedi. Mukaddes
Kitap bu barada şu ıerlerde aıdyp geçıär:
(Işaıa 14:12-15, İezekiıel 28:12-17,
Ylham 12:7-9). Onuň işi, Hudaıy
şöhratlamakdy. Asmanda onuň ady
Lyutsiferdi. Ol Hudaıa hyzmat edıärdi,
emma ol bir pursatda menmenlik edıär. Onuň
pikiri boıunça ol asmanlara çykyp
Gudraty Güıçli ıaly bolmakdy. We onuň
ıüregi bu tekepbirligi kabul edenden
Hudaı ony asmandan ıere taşlady. Emma
ol şol wagtyň içinde özi bilen 1/3 (üçden
bir bölek) perişdeleri ynandyryp alyp
gidıar. Şeıdip iki patyşalyk: ıagtylyk
patyşalygy we garaňkylyk patyşalygy
emele gelıär.
Lyutsifer ıere taşlanan wagtdan başlap,
oňa başga at berilıär:
* Şeıtan, ıewreı dilinde satan – bu
garşydaş, duşman diımegi aňladıar.
* Iblis, grek dilindi dıablos – töhmet
atyjy diımegi aňladıar.
* Ogry – İahıa 10:10 «Ogry diňe ogurlap
öldürmek, heläk etmek üçin gelıändir».
* Ganhor- İahıa 8:44 «Ol owaldan
ganhordy; hakykatda durmaıardy, çünki
onda hakykat ıok. Ol ıalan sözlän
mahaly öz-özünden sözleıär, çünki ol
ıalançy, ıalanyň atasy.
Şeıtan Hudaıa garşy hiç zat edip
bilmeıär.
Emma ol aldawçy we mekir. Güıçli Biri
bag açıar, onuň içinde ähli agaçlardyr,
güller bilen doldurıar, emma Güıçliniň
duşmany gije gelip gülleri basgylap,
aralaryna haşal otlary ekip gidıär.
Güıçli – bu Hudaı, duşman – bu şeıtan.
Şeıtan Hudaıa garşy hiç zat edip
bilmeıär, emma ol Hudaıyň bagyna, ıagny
adama zelel ıetirıär. Ynha şonuň üçin
Mukaddes Kitap: «Ol owaldan ganhordy» -
diııär. Ol Hudaıy ıigrenıändigi üçin
adamy hem ıigrenıändir.
Taňry Isa Mesih
şeıtany Galgotada
masgaralap ıeňıär!
Taňry Isa Mesih ıere adam teninde gelıär.
Ol adam teninde bolsada, adam ıaly
günäli däldi. Iblis Taňry Isany köplenç
synaga salıardy, sebäbi Isa Mesih adam
tenindedi. Emma Isa Mesih her gezek
iblise garşy Hudaıyň Sözi bilen
göreşıärdi.
Gefsimaniıa bagynda Reb Isa uly söweşden
geçıär.
Isa Mesih ybadatda durıar. Ol adam teninde bolandygy üçin
Oňa kyndy, sebäbi dowzahyň tutuş
güıçleri Oňa garşy toplanyp söweşıär.
Ol bu söweşiň başynda öz şägirtlerine
ybadatda bile durmagy aıdıar, emma
şägirtleri uka gidıär. Ol uruşda ıeke
bolıar. Şonuň üçin Isa Mesih Gökdäki
Ata: «Eı Ata!
Isleıän bolsaň, bu käsäni Menden geçir,
ıöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň
bolsun»-diııär. Oňa örän
kyndy, sebäbi Onuň İeke Özi bu söweşde
bolmalydy, İeke Özi bütin dowzahyň gara
güıçlerine garşy durmak. Ol söweşde Öz
erkini Hudaıa tabşyrıar. Ol şeıle ejir
çekmede, söweşde we kynçylykda bolıar,
hat-da Onuň deri ıere daman gan
damjalary ıalydy. Lukmanlaryň aıdyşyna
görä beıle bolup biler diňe haçanda
adamyň emotsional taıdan basyşy örän
beıik dereje ıetse we stress ıagdaıda
adamyň teni şeıle basyşy geçirıär,
hat-da adamyň der mäzleriniň içinde
ıerleşıän inçejik gan damarlary ıarylıar
we adamdan der gan bilen çykıar. Isa
Mesih şeıle basyşda durup bildi.
Ol haçda mahaly hem synagdan geçıär.
Oňa haçda mahaly täsinlik görkezmegi we
haçdan düşmegi aıdıardylar. Ony
kemsitdiler, emma Ol ähli kynçylyga
çydap söweşi ıeňıär. Ol hemme söweşleri
İeke Özi ıeňdi. Isa Mesih söweşiň
ıeňmegiň wajypdygyny bilıärdi, sebäbi
bütin adamzady halas etme ıekeje ıoly -
bu Öz janyny bütin adamzat üçin pida
etmekdi. We Isa Mesih muny edip bildi.
Ol haçda biziň günälerimiz üçin öldi.
Üç günden soň Ol ölümi ıeňdi, ol ölümden
direldi. Mukaddes Kitap Reb Isa barada
Ol Taňry, Halasgär we adamyň ähli
günälerini Geçipbiliji Reb diııär. Ol
her bir ynsana ebedi ıaşaışy berip
biljekdigi barada güwä geçıär.
Sen hem gadyrly okyjy eger Rebbe çyn
ıüregiňden ıüzlenseň, onda günäleriňden,
şeıtanyň toryndan, onuň syrly
kereplerinden we dowzah odundan halas
bolarsyň.

Sen ıönekeıje su ybadat bilen Reb Isa
ıüzlenip bilersiň:
«Taňrym Isa, Sen maňa gerek. Meniň
günälerim üçin haçdaky ölümiňe men
minnetdar. Meniň ähli günälerimi bagyşla!
Men ıüregimiň gapysyny Seniň üçin
açıaryn we oňa girmegiňi soraıaryn. Meniň
Halasgärim we Taňrym bol. Meniň
durmuşyma ıolbaşçylyk edip, meni Öz
islän adamyň edip ıetişdir. Meniň
günälerimi geçenligiň üçin we maňa baky
ıaşaışy berenligiň üçin men Saňa
minnetdar. Omyn.»
Hapa sözler rak
kesel ıaly adamy öldürip biler
Alymlar adamyň aıdıan sözüniň adamyň
diri öıjiklerini öldürip we şypa berip
biljekligini subut etdiler.
XIX asyrda ıaşan dilçi W. Dal: «Adamyň
dili bilen degişmeli däl, sebäbi bu ten
we ruhyň arasynda bolan
arabaglanyşdyrıan organizm» diıip aıtdy.
Soňky wagtda muny ylmy taıdan subut
etmek üçin Russiıa Ylmy Akademiıasynyň
problemalary dolandyryş institutynyň
ylmy işgäri, biolog Petr Garıaıev ylmy
apparat ıasaıar. Petr Gerıaev «Kwant
genetika institutynyň» esaslandyryjysy.
Petr Gerıaeviň döreden bu apparaty
adamyň sözlerini elektromagnit
yrgyldylaryna geçirıär, soňra bu
yrgyldylar adamyň DNK-syna (ıagny nesil
yzarlaıjylyk molekulalary) nähili täsir
edıänine ylmy barlag geçirip görıär.
Ylmy barlagyň maksady - bu adamyň aıdıan
erbet we hapa hem-de gowy sözleriň öz
saglygyna we daş-töwerege nähili täsir
galdyrıanyny bilmekdi. Bu ylmy açyşa
görä adamyň aıdıan käbir sözleri
minadanam (harby ıarag) erbet bolup
durıar. Olar «adamyň genetiki
apparatynda» ıarylyp, nesil yzarlaıjy
programmalary düıbünden üıtgedip
başlaıar. Netijede öıjükleriň
programmalary üıtgeşik funktsiıalary
edip mutatsiıa getirıär. Bu ylmy
açyşa görä adamyň hromosomlary gysylyp
zaıalanıar.
İene-de bu ylmy barlagy ösümlikleriň
tohumynda edip gördiler. Ençeme
hepdäniň dowamynda bir kiçi otaga
arabidopsis atly ösümligiň tohumyny
magnitafonyň ıanyna goııarlar.
Magnitafon günde 3-4 sagat erbet, hapa,
sögünç sözleri «okaıardy». Netijede bu
tohumlaryň köpüsi ölıär, emma galanlar
genetiki egrem-bugram bitenlikleri emele
getirıär. Emma şol bir magnitafon gowy,
mähirli, «ıyly» sözleri «aıdanda» - Petr
Gerıaeviň apparaty DNK-nyň molekullaryň
strukturasynyň üıtgäp başlandygyny
görkezıär. Üzülen spirallar «ösüp»
başlaıar, tohumlar direlip, topragyň
içinde gögerip çykıar. Garıaeviň
aıdyşyna görä, adamyň, haıwanlaryň we
ösümlikleriň genetiki apparaty bir
uniwersal kanuna laıyklykda iş alyp
baryp we şol kanunyň garmoniıasynda (sazlygynda)
işleıändigini belleıär. «Adamyň her bir
sözlän sözi - bu tolkunly genetiki
programma, we sözlerde adamy üıtgedip
bilıän güıjiniň barlygyny aıdıar.
Käwagt söz adam öldüriji bolup rak
keseli emele getirip bilıär, käwagt
bolsa söz şypa hem berip biler – diıip
Garıaev aıdıar.
Mukaddes Kitap bu barada näme diııär?
Efeslilere hat 4:29 «Agzyňyzdan hiç
haçan hapa söz çykarman, gaıtam,
eşidenler peıdalanar ıaly, gerekli
abatlyk üçin oňat sözler aıdyň».
Mukaddes Kitap bizden hiç haçan
hapa söziň çykmazlygyny aıdıar. Diňe
beıle etmek bilen çäklenmeli däl, eısem
Mukaddes Kitap eşidenler peıdalanar ıaly
oňat sözleri aıtmagy aıdıar. Başga söz
bilen aıdanda Mukaddes Kitap bizden
«maksimum» etmegi talap edıär, ıagny men
erbet sözlemeıärin diıip begenmeli däl,
eısem ıene-de adamlara oňat sözleri
aıdyp bilmäge çalyşmaly. Hapa
sözler - bu sagdyn, gowylyga, bagtlylyga
garşy gelıän sözler. Hapa sözleriň
damary gadymy, entäk Mesihiň ıere
gelmedik döwrine eltıär. Adamlar öz
durmuşyny şeıtanyň we gara güıçleriň
hüjüminden goranmak üçin olar bilen
arabaglanyşyga girıärdiler. Erbet, hapa
sözler bilen olar gara güıçleri
görkuzmak ıa-da olar bilen aragatnaşyga
girmek isleıärdiler. Şeılelikde sögünç,
erbet sözler gara güıçler bilen
arabaglanyşygyna girıän dildi. Bu hapa
sözler şol galşyna galdy. Şonuň üçin
filologlar muny «Infernal leksika»
diııärler. «Infernal leksika» bu «dowzah»
ıa-da «ölüler diııaryndan» gelenligi
aňladıar. Hapa, erbet, sögünç we
gelşiksiz söz aıtsak, onda biz öz ene
dilimize, dilleriň içinde ıeke-täk bolan,
owadan, baı dilimizi biz masgaralaıarys.
Biz bu etmegimiz bilen öz gymmatlygymyzy
we daş-töweregimizi hapalaıarys. Adam
Hudaıyň şekilinde ıaradyldy we hapa söz
ulananda adam günä edıär!
Aıdyşymyz ıaly hapa söz hem uly günä
hem-de şeıtan we gara güıçler bilen
arabaglaıan dil. Bu günäni etmezlige -
biz ulular jogapkärdiris! Ulular sögünç,
erbet sözleri bilen daş-töweregini
hapalaıarlar. Hat-da iň erbedi bu
elhenç sözler bilen adam çagalary
hapalaıar. Çagalar bu dili çalt öwrenip
jemgyıetde ulanıarlar. Mukaddes Kitapda
beıle adamlar hakda Reb Isa > «Kim-de
Maňa iman eden bu çagalardan biriniň
günä etmegine sebäp bolsa, boınundan uly
degirmen daşy asylyp, deňziň düıbünden
gark bolmak onuň üçin has gowy
bolar»diıdi. Biz köplenç öz
etmişlerimizdir, hereketlerimiz bilen
daş-töweregimizdäki adamlaryň günä
etmegine sebäp bolıarys, olara gahar,
erbet pikirler we päk ıüreklerini
hapalaıarys. We iň erbedi-de bu
etmişlerimiz üçin biz Hudaıyň öňünde bir
wagty bilen jogap bermegimizi unudıarys.
Bir gezek Taňry Isanyň ıanyna
fariseıler(ıagny dindar adamlar) we
kanunçylar gelip:
«Näme üçin Seniň şägirtleriň
ata-babalaryň adatyny bozıarlar? Çünki
olar nahar iıenlerinde ellerini
ıuwmaıarlar»-diıdiler. Şonda Reb
Isa märekäni ıanyna çagyryp, olara diıdi:
«Diňläň, düşüniň! Agza giren zat adamy
murdar (hapa, haram) edıän däldir,
agyzdan çykan zat adamy murdar edıändir.
Nähili
güıçli sözler! Adamy iııän zat haram
etmeıär, eısem agzyňdan çykıan hapa
sözler. Eger adamyň sözi şeıle hapalygy
adama getirip bilse, onda adamyň şol bir
dili adama şypa, gowylyk getirip biler.
Süleımanyň pähimleri kitabynda 18:21 ”Ölüm
we ıaşaıyş diliň ygtyıaryndadyr dili
söııänler onuň miwesinden iıer”
diııär.
Şonuň üçin eger biziň ıüregimiz birini
hapa sözler bilen murdar edendigimizi
ıatladyp höküm edıän bolsa, onda ilki
bilen biz Hudaıdan bagyşlama soramaly,
onsoň erbet sözlän adamyň ıanyna baryp
ondan ötünç soramaly. Bu Hudaıyň düzen
tertibi we muny ıetirmek üçin hiç
gorkmaly we çekinmeli däl! Sebäbi bir
wagty bilen etmişlerimiz üçin diri
Hudaıyň öňünde durup jogap bermegimizi
unutmalyň!
Dogry
sežde etmeklik...
Sežde etmeklik hakda her
kimde öz boluşly garaıyşlary we
düşünjeleri bar. Käbir adam sežde
edende suratlara, elde bejerlen käbir
figuralara, käbir «mukaddes»diılip
atlandyrıan ıerlerden getirilen bir
zatlara ıa-da daşlara we şuňa meňzeş köp
zatlara sežde edıärler. İa-da bir
ıerleriň özüne, käbir medeniıetde
mazarlara, öwlüıälere sežde edilıär.
Emma aslyıetinde bu dogrymyka? Sežde
etmeklik näme bilen baglanyşykly. Her
bir ıurduň adamlarynyň öz döwletine
magsus bolan sežde edıän ıerleri bardyr.
Mysal üçin Nepalda dagyň üstinde
adamlaryň köp zyıarata gelıän ıeri,
Taılandda, Hytaıda buddanyň heıkeli,
ondan başga-da her bir budda dinine
uııanlaryň hemmesiniň öıünde patyşanyň
suraty bar. İaponiıada her bir öıde
gara gapyrjak hökman bolmaly.
Mongoliıada adamlaryň zyıarata barıan
ıeri bar we ol ıere gelen her bir adam
öz mätäçliklerini aıdyp, ol ıere esgi
asyp gidıärler, Hindistanda Ganga
derıasyna sejde edilıär. Orta Aziıada
hem her hili «mukaddes» diıip
atlandyrlan ıerler bar. Buharada,
Hywada, Samarkantda, Nowaıyda, Ürgençde
(bularyň hemmesi Özbegistanda),
Kazygurt, Şitler ata(Gazagystanda),
Köneürgençde (Türkmenistanda)we her bir
bagşynyň sežde edıän ıeri Aşyk Aıdyň
piriň(Türkmenistanda) we ıenede
ençemeleri bar. Aıdyp otursaň örän
köpdir. Emma bulara sežde etmek, ıa-da
şu ıere sežde etmek üçin zyıarata gitmek
dogrumy?
Elbetde ıok!
Göni diri Hudaıa sežde
edilmedik sežde bu günädir! Öwlüıa,
ölüleriň ruhuna bagş edip sežde etmek bu
uly günä! Galybersede eger öıüňde bir
şäheriň, ıa-da bir şahsyıetiň şekili
asylgy durup oňa sežde edıän bolsaň onda
sen günä edıärsiň!
Sežde etmeklik hakda köp
ıalňyş pikir edıändigine adam düşünmeıär.
Taňry her kimiň Oňa ıüzlenmegini isleıär.
Hudaı öwlüıäde, suratlarda, daşlarda,
agaçda, demir, we el bilen bejerlen
zatlarda däl...
Ol diri Hudaıdyr.
Hudaı adamyň diňe Oňa sežde etmegini
isleıär we diňe Oňa bolan seždäni Ol
kabul edıär.
Sežde hakda Hudaıyň Sözi
bolan Mukaddes Kitap (Bibliıada) näme
diıilıär? Ilki Hudaı On Tabşyrygy Musa
pygamberiň üsti bilen Ysraıyl halkyna
berende, Ol halka: «Seniň
Menden başga hudaılaryň bolmasyn. Özüň
üçin ıokarda gökde, aşakda ıerde ıa-da
ıer asty suwlarda ıaşaıan zatlaryň hiç
birine meňzeş şekilde but ıasama. Sen
olara tagzym etme ıa-da olara gulluk
etme, çünki Men Hudaıyň Reb gabanjaň
Hudaıdyryn. Meni ıigrenıän atalaryň
etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň
üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.
Emma kim Meni söıüp, buıruklarymy ıerine
ıetirse, onuň müňlerçe nesline
tükeniksiz söıgimi görkezerin»
diıip aıtdy.
Bu sözler biriniň oılap
tapan sözleri däl. Bu diri Hudaıyň
adamdan talap eden zady. Ony ıerine
ıetirıän adamda tükeniksiz söıgüsi bolar.
Hudaıyň şu aıadyna görä
bir sorag ıüze çykıar: Sen diri Hudaıa
sežde edıärsiňmi, ıa-da zyıarata gidip
daşdyr, öwlüıalara, ıa-da mümkin öıüňde
asylgy duran bir şäheriň ıa-da
şahsyıetiň suradyna sežde edıärsiňmi?
Taňry Isa samariıaly bir
aıal bilen söhbetdeş bolanda şol aıala:
«Naçar, Maňa ynan, wagt geler, Ata ne
şu dagda, nede Iıerusalimde sežde
edersiňiz. Siz tanamaıanyňyza sežde
edıärsiňiz... Hakyky sežde edijileriň
Ata ruhda, hakykatda sežde etjek
wagtlary geler, eııäm geldi-de, çünki
Ata Özüne şeıle sežde edıänleri agtarıar.
Hudaı Ruhdur, Oňa sežde edıänler ruhda,
hakykatda sežde etmelidir.» diıip
düşündirıär.
Bu sözlerden soň özüňi
barlap gör!
Sen näme we nähili sežde edıärsiň? Diri
Hudaıyň gabanjaňdygyny bildiň... Hudaıyň
merhemetli wagtynda dogry sežde etmegi
saılasaň, saňa we nesilleriňe Hudaıyň
söıgüsi iner!
Hudaı saňa ak pata bersin!
Palçylyk -bu näme?
Hudaı ilkinji adamlary
ıaradan wagty olarda göni Hudaı bilen
gepleşik bardy. Hudaı olar bilen
duşuşyp olaryň hal-ıagdaıyny sorardy.
Adam ata we How ene öz İaradyjysyny her
gün jennetde görıärdiler. Taňry Hudaı
olar üçin ıakyn Dostdy.
Emma wagt geçdi, olar köp
zatlary bilmek islediler. Bir gün How
ene Taňrynyň duşmany bilen gepleşige
girıär. Duşman (şeıtan) oňa gadagan
edilen miweden dadyp görmegi maslahat
berıär. Netijede How ene özide datdy
we adamsyna hem iıdirdi. Şol günden
başlap olaryň Hudaı bilen arasy kesilıär,
jennetden kowulıarlar we indi olar öz
Taňry İaradyjysyny görüp bilmeıärler.
Aradan köp ıyllar geçıär. Olaryň
nesilleri köpelıär. Her -haısynda
gyzyklanmalar döräp başlaıar. Köpleri
gowy zatlar bilen meşgullandylar mysal
üçin sazçylyk. Emma gynansakda, erbet
gyzyklanmalar hem döredi. Bular göni
ruhy adamyň ruhy durmuşyna şikes ıetirip
bilıärdi. Erbet gyzyklanmanyň biri-de
bu - palçylyk. Mukaddes Kitap muny
jadygöılik hem diıip atlandyrıar. Munda
näme edilıär? Biziň her birimize belli
bolşy ıaly köp adamlar öz ykbalyny
bilmek isleıärler. Geljekde ıagny, on,
on bäş ıyldan soň näme garaşıanyny
bilmek isleıärler. Öleniň ruhuny
çagyrmak, pal atdyrtmak we düış
ıordurmak bularyň ählisini Hudaı
ıigrenıär. Beıle zatlary edıän adamlar
we olara barıan adamlar gaty azaşıarlar.
Hudaı Öz halkyna ıüzlenende Ol anyk
aıtdy. Bu zatlary ysraıyllylaryň
goňşylary edıärdiler. Emma Hudaı goňşy
halklaryň yzyndan gitmezligi, olaryň
edıän zatlaryny etmezligi tabşyrypdy.
Hudaı Taňry olara: «Hiç bir eti gany
bilen iımäň. Siz pal atmaň, jadygöılik
etmäň» (Lew. 19:26) -diıip aıtdy. Bu
ıerde Hudaı her bir adama kesgitli
ıüzlenıär: «Pal atmaň, jadygöılik etmäň!».
Eger sen şu güne çenli muny eden bolsaň,
Hudaıdan ötünç sorap, durmuşyňy täzeden
başlap bilersiň. Jadygöılik bilen
meşgullanmak -bu günä! Ertiri,
geljegiňi Hudaıdan başga hiç kim bilıän
däldir. Palça gitmeklik, ölüleriň
ruhuny çagyrmak we şuňa meňzeş zatlary
etmek şeıtan bilen göni gepleşige
girmekdir.
Şu ıerde bir palça
ynanan aıalyň durmuşy hakda paılaşmak
örän ıerliklidir. Gürrüňini etjek
gahrymanymyz Orta Aziıaly zenandy. Ol
institutda talypka joralary bilen palça
barıar. Ol palçy aıal oňa: « Waıeı,
seniňä geljegiň örän erbet, sen 26
ıaşyňda, aprel aıynyň 14-de ölersiň!
Beıik bir köprüden özüňi oklarsyň...»
diııär. Ol wagty ol ıaňy 20 ıaşynda
bolıar. Bu şol günden soň tukat bolup
ıöreıär. Onuň tukatlygy şeıdip alty
ıyla çekıär. Ol 24 ıaşyndaka maşgalasy
Germaniıa, Köln şäherine göçıär. Emma
ony bu owadan ıurt, gözel köçeler
şatlandyrmaıar. Onuň maşgalasy elinden
gelenini edıär. Emma tukatlyk dowam
edip köp garaşdyrman 2 ıyl çalt geçıär
we aprel aıynyň 14-i gelıär. Bu güni
ol nämeden başlajagyny bilmeıär. Ol
Kölndäki uly köprä aıaklarynyň gidip
barıanyna haıran galıar. Ol köpriniň
üstüne gelip, durıar. Näme etjegini
bilmän aglaıar. Bütin ömri barada
oılanıar. «Indi näme, şeıdip ölmelikäm?»
-diıip özüne sorag berip durka,
arkasyndan öz ıaşlaryndaky bir gyz
dürtıär we Taňry Isanyň durmuşy baradaky
kiçijik kitaby oňa uzadıar. Nätanyş gyz
onuň aglap duranyny görüp ondan derrew
näme bolandygyny soraıar. Ol derrew
ähli zady gürrüň berıär. Kitap beren
gyz ähli zada çalt düşünıär. Ol ähli
zady Hudaıyň duşmanynyň edıändigini
düşündirıär. Ol aglap duran gyza bu
ıerden gitmegi teklip edip bilelikde
gidıärler. Olar şol güni uzak günläp
söhbet etdiler. Soňra Orta Aziıadan
göçüp gelen gyz Taňry Isany Halasgäri
hökmünde kabul edıär.
Ine, şeıdibem
palçynyň aıdany başa barmaıar. Şeıtan
özüne aljak ıene bir ynsany Taňry Isa
halas edıär.
Taňry Isa üçin her bir
adam gymmatly. Ol milletine seretmezden
her kimi söııär. Onuň üçin iňlismi,
rusmy, türkmenmi, uıgurmy, amerikalymy,
ıaponmy, afrikalymy, çeçenmi ıa-da başga
milletdenmi tapawudy ıok. Onuň islegi
hemme adam jennetde bolsun. Onuň
ölüminiň maksady hem şudur! Onuň
Söıgüsini kabul et! Bu merhemet
pursadyny şeıtana ogurlatma! Dogry
saılaw etmäge Taňry saňa ıardam bersin!
|