» BAŞ SAHYPA  » MUKADDES KITAP  » "ISA" FILMI  

  » ÇAGALAR SAHYPASY  » YBADAT  » HALAS BOLMAK 

   

 

» Biziň gündelik 
    çöregimiz

» TV Wagyzy
» Radio
» Filmler
»
Aıdymlar
» Kitaphana
» Şaıatlyklar
» Sorag we jogap
» Habarlaşyk

 

» Forum
» İükle
» Video Klipler
» Makalalar
» Dört ruhy 
    hakykatlar

» Sowgatlar
» Bildirişler
» Linkler

Agtar

»



 






































 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

HALAS BOLMAK


Her kim özüni gowy ynsan diıip pikir edıär... Emma gadyrly okyjy seniň jogap bermeli soragyň şudur: ”Sen jennete girmegiň üçin ıeterli derejede gowymyň?” Muny sen nähili bilip bilersiň? Bu üçin sen Hudaıyň adam üçin beren 10 tabşyrygyny ıerine ıetirıändigiňi özüňden sora. Köp adamlar: ”Hawa, men bir ıa-da iki kanunyny bozandyryn, emma bu, «Adam öldürme» diıilen kanun ıaly möhüm däl”.  Sen  Hudaıyň adam üçin Musa pygamberiň üsti bilen berlen 10 tabşyrykylaryna görä öz durmuşyňy barlap bilersiň.

Gel bile göreli.

1.Birinji tabşyryk: ”Seniň menden başga Hudaılaryň bolmasyn”. Sen durmuşyňda Hudaıy birinji ıerde goııarsyňmy? Isa Mesih: Hudaıyň Rebbi bütin kalbyň, bütin janyň, bütin güıjüň we bütin düşünjäň bilen söı diıdi. Bu diımek ata-enä, doganlaryňa, ıan-ıoldaşyňa, çagalaryňa we dostyňa bolan söıgiden hem has ıokary söıginiň bolmalydygyny, Hudaıy beıik we aıratyn söıgi bilen söımelidigini aıtdy! Sen durmuşyňda Hudaıy birinji ıerde goııarsyňmy? Seniň durmuşyňda Hudaıyň birinji kanuny berjaı edildimi(edilıärmi)?

2.  Ikinji tabşyryk: “Özüň üçin ıokarda gökde, aşakda ıerde ıa-da ıer asty suwlarda ıaşaıan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ıasama. Sen olara tagzym etme, ıa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaıyň Reb gabanjaň Hudaıdyryn”.

   Hudaı diri Hudaıdyr! Ol seniň hiç bir şekile, surata we butlara sežde etmegiňi islemeıän Hudaıdyr. Sen öwlüıälere, belli bolan bir adamyň suratyna, ıa-da ıadygärligine, ıa-da bir dini merkezi säheriniň suratyny öüňde asyp goyup sežde edipmidiň? Galybersede alaja, we şoňa meňzeş zatlaryň güıjine ynanyp görüpmidiň?  Mümkin sen bu zatlara edil şu wagt hem has uly baha berıärsiň, emma Hudaıyň bu zatlara hakykatdan nähili baha berıändigini bilmek isleseň, onda Hudaıyň Musa pygambere beren 2-nji kanuny muny aıdyň kesgitleıär! Sen Diri Hudaıyň aıdan 2-nji kanunyny gaıtadan okap bilersiň! Sen bu zatlaryň bary meniň ynamyma girıär ahyryn, men name edeıin? Bu “meniň ynamym” diıip bilersiň, emma Hudaı bularyň hemmesine butparazlyk diııär!  Hudaı beıle zatlary ıigrenıän Hudaıdyr!  İerde ıaşaıan her bir adama degişli bolan  Hudaıyň 2-nji kanunyny ıerine ıetirmedigiňe ylalaşıarsyňmy?

3. Üçünji tabşyryk: “Hudaıyň Rebbiň adyny boş ıere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ıere agzan adamy jezasyz goımaz”.

Sen durmuşyňda Reb Hudaıyň adyny boş ıere agzap görüpmidiň?  Mysal üçin: sözleri baglanyşdyrmakda, geň galanyňda, bir zada gaharyň gelende, gorkanyňda we şuňa meňzeş ıagdaılarda agzapmdyň?  Eger seni ıaradan Mukaddes Hudaıyň adyny ıöne ıere agzasaň, Hudaı muny jezasyz goımaz. Sen Hudaıyň 3-nji kanunyny bozup gördiňmi?

4. Dördünji tabşyryk: “Sabat gününi ıerine ıetirip, ony mukaddes sakla. Alty günde ähli işleriňi edersiň. Emma edinji gün Hudaıyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir.  Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ıaşaıan gelmişek hiçisi bir iş hem etmesin.  Çünki Reb İeri, Gögi, deňzi we olardaky zatlary alty günde ıaratdy, ıedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi alkyşlap, ony mukaddes etdi”. 

Sabat güni – bu hepdäniň ıedinji güni bolyp, ähli işleriňden dynç alyp Rebbe bagyş etmeklik günidir! Şol gün Hudaı senden başga günlerden tapawutlylykda Oňa has minnetdarlyk bildirmegiňi, Ol hakda pikirlenmegiňi we Onuň Sözünden okap öwrenmegiňi we diňlemegiňi isleıär. Onuň diri Sözi bu Mukaddes Kitapdyr. Ol altmyş alty kitapdan ybarat bolup Köne we Täze Ähte bölünıär. Köne Ähtde Reb Isanyň İere gelmegi hakynda aıdylıar, Täze Ähtde bolsa Onuň doglyşyndan başlap tä haçdaky ölümine we ölenden soňra direlendigi barada, hem-de Onuň gaıtadan geljegi barada ıazylgydyr. Hudaıyň Sözünde ynanıanlaryň ıygnanyşygy barada aıdylıar. Biziň döwrimizdede, her bir ıurtda Onuň yzyna eıerijiler bardyr.  Diri Hudaıa ynanıan her bir ynsan “özüniň ıekşenbe” gününi Hudaıa bagyş edıär. Hudaıyň 4-nji kanuny seniň durmuşyňda nähili amala aşıar?

5. Bäşinji tabşyryk: ”Ata-eneňe hormat goı, şonda Hudaıyň Rebbiň özüňe beren ıerinde ömrüň uzak bolar”.

   Sen ata-eneňi Hudaıyň kanunynda aıdylyşy ıaly hormat goııarsyňmy?  Mümkin sen käbir sebäplere görä olary ynjydandyrsyň, göwnüne degendirsiň?! We bir wagtky edenleriňi unudansyň, emma Hudaı muny hiç unutmady!

6. Altynjy tabşyryk: “Adam öldürme”.

Köplenç her bir ynsan Hudaıyň öňünde günälidigi barada eşidende: ”Hawa men günäli, emma hemmelerem günäli, emma men gaty uly günä durmuşymda etmedim, ıagny adam öldürmedim– diııärler.  Emma Isa Mesih: “ Emma Men size aıdıaryn: öz doganyna nähak gaharlanan kişi, hökümine sezewar bolar. Kim öz doganyna: “Raka” (ıagny akmak, akylsyz) diıse, mejlisiň hökumine sezewar bolar.  Kim “Samsyk” diıse, dowzahyň oduna sezewar bolar”- diıdi. (Matta 5:22).  Mukaddes Kitap: “Doganyny ıigrenıän kişi ganhordyr, siz hiç bir ganhorda ebedi ıaşaışyň galmaıanyny bilıänsiňiz”-diııär.(1İahıa 3:15).  Hudaı adamyň ıüreginde bolan birine ıigrenji adam öldürme bilen deňlikde hasaba alıar! Biz Onuň kanunyny öz erbet gatnaşygymyz we “gara niıetlerimiz” bilen bozup bilıäris!

7. İedinji tabşyryk: ”Zyna etme”.

  Taňry Isa duıdyrypdy: “Zyna etme” diılenini eşidensiňiz. Men welin size diııärin, bir aıala azgyn nebis bilen bakan adam öz ıüreginde eııäm onuň bilen zyna edendir”. Sen durmuşyňda birine azgyn nebis bakyp gördüňmi? Mukaddes Kitap: “Aldanmaň Hudaıyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar (nikadan öň jynsy gatnaşykda bolanlar)…, ne zynahorlar (nikada bolup durup başga biri bilen bolmaklyk), ne gomoseksuallar, ne beçebazlar (çagalary zorlamak) …miras alar.(1Korintos.6:9)

8. Sekizinji tabşyryk: “Ogurlyk etme”.

Sen durmuşyňda ogurlyk edip gördiňmi? Hat-da kiçijik we möhüm däl zat bolsada? İa-da okaıan, işleıän ıeriňde,  özüňe degişli däl zady alyp görüpmidiň? Hat-da ata-enäňe degişli zady olardan gizlin alyp görüpmidiň?  Iş ıeriňde ıa-da okuw jaıda gizlin alan zadyňa sen diıersiň: ”Bu zat hiç kimiňki däl ahyryn, bu ıöne iş ıerimde ıatyrdy, hiç kime bu gerek däldi?! Men muny aldym!” Hudaıyň öňünde bularyň ählisi-de ogurlykdyr!

9. Dokuzynjy tabşyryk: ”Başga adamyň garşysyna ıalan şaıatlyk etme.”

Umuman, sen  aldap gördüňmi? Onda bu seni aldawçy edıär. Ganhor(adam öldüren ynsan) diıip näçe adamy öldürene aıdylıar? Ganhor bolmana ıekeje adamy öldürmek ıeterlikdir! Eger sen  ıekeje gezek aldan bolsaň, bu seni aldawçy edıändir. Mukaddes Kitap: ” …bütin ıalançylaryň soňy kükürt bilen ıanıan ot kölüdir”- diııär.(Ylham 21:8). Sen aldamagy düıpli, agyr, howply günä diıip hasaplamaıarsyň, emma Hudaı muňa aıratyn we kesgitli seredıar!

10. Onynjy tabşyryk: “Başga adamyň öıüne, aıalyna, gul-gyrnagyna ıa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme”.

Biz hiç haçan başga birine degişli bolan hiç bir  zadyna göz dikmeli däl! Ne onuň jaıyny, ne maşynyny, ne baılygyny, ne aıalyny, tutuş hiç bir zadyny höwes etmeli däl!

Haısybirimiz bu tabşyryklary bozmadyk we günäkär däl diıip aıdyp bilıäris?  Şonuň üçin Mukaddes Kitap: ”Çünki hiç bir parh ıok, sebäbi bary günä edip, Hudaıyň şöhratyndan mahrum boldy” diııär.

Sen özüňi kyn derejede durandygyňy görıärsiňmi? Sen Hudaıyň Özüne garşy günä etmeklikde günäkärdirsiň we wyždanyň hem muny bilıär.

Sen ıalan sözläniňde, ogyrlanyňda, ıa-da kişiň zadyna höwes bildireniňde bularyň nädogrydygyny bilıärsiň!

 Bu edıän günäleriň Hudaıy gamlandyrıar. Mukaddes Kitap Onuň gazaby sende galıar diııär. Başga söz bilen aıdanda sen Hudaıyň duşmanlarynyň hataryndasyň.

 Mümkin sen Hudaı gowy we Onuň gowylygy sebäpli maňa düsüner we  günälerime gözlerini ıumar diıip çak edıänsiň?

 Göz öňüňe getir eger ıerde ynsan kazysy hokum zalynda has erbet jenaıatkäre eden jenaıaty üçin: ”Bolıar-la, zeleli ıok, ai jenaıatdyrda diıse sen bu kazyny adalatly kazy diıerdiňmi?

İok!

Bu adalatsyz kazy.

Hudaı hiç haçan adalatsyz kazy bolmaz!

Hudaı seniň günäde ölmegiňi islemeıär. Hudaı – Ol rehime baı we ıüregi awaıan Hudaıdyr. Ol her bir adam üçin hat-da seniň üçin bagyşlanma eıe bolmak ıolyny taııarlady. Ol seni ähli günäleriň üçin toba edip, Ebedi İaşaıyşy mugt almaklygyňa çagyrıar. Sen Ebedi İaşaışy öz güıjiň bilen ıetip we ony hiç gazanyp bilmersiň. Emma Hudaı Öz söıgisini subut etmegi üçin saňa Ebedi İaşaışy mugt, sowgat hökmünde berıär.

Göz öňüňe getir: sen hokum zalynda, kazyň öňünde dursyň. We sen ençeme jenaıatlarda günäkärsiň.  Seniň eden ähli jenaıatlaryň subut edilen we seniň jenaıatlarda günäkärdigiň  zalda oturanlara aıdyň bellidir. Sen gorkyda we aljyraňňy ıagdaıda kazyň sözüne garaşıarsyň. Iň kyny-da, seniň gowy işleriň jenaıatlary ıuwup bilmeıar!

Kazy hökümi çykarıar: “ Eden ençeme jenaıatlaryň üçin döwletiň hasabyna 300.000 amerikan dollary we jenaıatyňdan ejir çeken adamlaryň hasabyna 200.000 amerikan dollary töwlemeli ıa-da 20 ıyl tussaghana basylmaly!” Jemi 500.000 amerikan dollaryny töwlemelisiň.  Emma sende töwlemäne hiç pul ıok. Kazy iň soňky sözlemini okap gutarjak mahaly zalyň içine saňa nätanyş bolan biri   girıar we seniň azat bolmagyň üçin bütinleı jerimäni töwleıär.

Höküm zalynda towlenen pullar kabul  edilip hasaba alynıar we kanun boıunça kazy seniň azatdygyňy yglan edıär. Kanun kanagatlandy, seniň hakyň bütinleı töwlendi we nätanyşyň beren gurbanlygy, Onuň saňa bolan söıgisiniň saňa subut edip görkezilmegidi. Hudaı 2000 ıyl mundan ozal günäleriňden halas bolmak işini etdi. Mukaddes Kitap, bütin älem-jahanyň  Hudaıy Isa Mesihde adam bolup ıere geldi diııär. Ol seniň we meniň günämiz üçin haçda ejir çekip öldi. We bu seniň we meniň azat bolmagymyz üçin tölenen tölegdir. Başga sözler bilen aıdanda biz kanuny bozdyk, Reb Isa bolsa biziň tölegimizi töledi.

“Hudaı bize bolan söıgisini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi.” (Rimliler 5:8).

”Mesih biziň ugrumyzda gargalyp,bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi”(Galatıalylar 3:14””:

 Hudaıyň saňa bolan beıik söıgisini görıärsiňmi?   Sen Onuň bagyşlamagyna mätäçdigiňi duııarsyňmy? Hudaıyň Sözi şeıle diııär: “Indi günäleriňiziň geçilmegi üçin toba ediň.” (Resullaryň Işleri 3:19).

 Sen günäleriňden ıüz öwürmelisiň we Hudaıa tarap öwrülmelisiň . Umumy günäden aırylmaga hiç öz ıollaryňy gözlemän, eısem durmuşyňy bütinleı seni halas edip Bilijä tabşyr.  Taňry Isa Mesih seni azat etmek üçin haçda öldi we ondan soňra seniň Rebbim bolmagy üçin Ol ölümden direldi.  Taňry Isa: ”Men İol, Hakykat we İaşaıyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez” diıdi. Eger sen günäleriňi boıun alyp, toba etseň hem-de Reb Isa şahsy Halasgäriň we Rebbiň diıip ynansaň, onda Hudaı seni bagyşlar we sen ölümden ıaşaışa geçeresiň.

Taňry Isa Mesihe ynanmak diımek nämäni aňladıar?  Bu diımek Isa Mesihe şahsy bil baglamakdyr. Mysal üçin: sen öz ıaşaıan etrabyňdyr, şäheriňden gaty daşda ıerleşıan başga bir şähere gitmek isleıärsiň. Bu üçin sen  otla bilet satyn alıarsyň. Bütin otlyda gitmegiň maglumatlaryny(otlyň ugraıan ıa-da giç galıan wagty, otlyda seniň oturmaly ıeriň we ş.m) sen ıörite wokzal işgärinden alıaň? Näme üçin sen her bir adamdan soraman, eısem ıörite eşik geıen demir ıol işçä ıüzlenıarsiň? Sebäbi olaryň bilıändigine ıönekeıje sen ynanıarsyň. Bilet satyn alandan soňra sen öz münmeli otlyňa münip otyrıarsyň. Sen bu ıerde-de otlynyň seniň barmaly säheriňe eltjekdigine ynanıarsyň. Sen ıönekeı ynamyňy otla goııarsyň.

Şeıle-de Mukaddes Kitap hem öz ynamyňy Isa Mesihe goı, ıagny “Isa Mesihe ynan…” we halas bolarsyň diııär.  Bilıärsiňmi milionlarça adamlar Reb Isa Mesihiň bardygyna ynanıarlar… emma olar şahsy Halasgäri hökmünde öz ynamyny Oňa goımadylar we bu-da uly tapawutdyr.  

Bügün sen bütin ıüregiň bilen günäden ıüz öwür, toba et we durmuşyňy Taňry Isa Mesihe tabşyr. Sen muny soňa goıma. Mümkin seniň durmuşyň hut şu gün kesiljekdir, we eger hut şu gün sen ölseň we  Taňry Isa durmuşyňy tabşyrmadyk bolsaň, onda gaty giç bolar. Onda näme bolar?  Onda Mukaddes Kitabyň kesgitli aıdıan hakykaty ıerine ıeter.  Bu-da ıerde baky gözüňi  ıuman pursadyň, gözleriňi dowzahda açarsyň! Dowzahdakylaryň ıalbarmalaryny Taňry ebedi eşitmeıar! Dowzahdakylar ebedi dowzahda galıandyr. Pikirlen Isa Mesihe sen öz şahsy Halasgäriň kimin durmuşyňy tabşyrmadyk bolsaň, sen-de şol ıere barıarsyň!

Eger sen Hudaı bilen jennetde bolmak isleseň, onda birinji ädim -  bu Taňry Isa bagyşlanmagyň hakynda ıüzlenmegiň. Taňry Isa ıüzlenmä – doga, dileg, ya-da ybadat diıilıär.

Sen Taňry Isa şeıleräk dileg edip bilersiň: ”Gadyrly Hudaı, bu gün men ähli günälerimden ıüz öwürıärin(günäleriňi atlaryny aıdyp bilersiň), we men ynamymy Isa Mesihe baglaıaryn. We Isa Mesihi meniň öz Rebbim we Halasgärim bol  diıip durmuşyma çagyrıaryn. Haıyş Taňrym Isa bagyşla meni we Seniň Huzuryňda ebedi ıaşamaklygy maňa gowşyr.  Men Taňrym we Halasgärim Isa Mesihiň ady bilen dileg edıärin, Omyn!” 

Gadyrly okyjy, bu sözler bilen sen çyn ıürekden dileg eden bolsaň, onda Reb Isa Mesihiň ıüregiňe girendigine hem ynan. Hudaı seni içden üıtgedip başlar. Sen Taňry Isany durmuşyňa Halasgär hökmünde çagyran bolsaň bize bildirip bilersiň, biz saňa okap öwrenmegiňe Hoş Habary ibereris.  Isa Mesih Hoş Habar hakynda şeıle diıdi: ”Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ıazylanlara gulak asyp, olary berjaı eden bagtyıardyr, çünki garaşylan wagt ıakyndyr!”

Mukaddes Kitaby oka we Onuň Sözüne gulak as. Sen beıik Hudaıa bil baglap bilersiň – Ol seni söııär we hemişe wepalydyr.

Eger sen Taňry Isany ıüregiňe çagyrmagy we günälerden bagyşlanmagy ret etseň, onda sen günäleriňde ölersiň, onda ne bu ıerde, has-da geljek bakyıetde-de saňa umyt ıokdyr. Onda Hudaıyň aıdıan Sözünde: “Hudaıyň gazaby sende galıandyr we sen jennetdäki ebedi ıaşaıyşy hiç görmersiň, gaıtam gutarnyksyz, çägi ıok ebediligi dowzah odynda geçirersiň!
 

Ano


 

Copyright © 2007 Merhemet.org · Webdesign/grafika:  GreenLime - Gold CMS Publishing