|
Mukaddes
Kitaby günde okamak
Mukaddes
Kitaby gündelik okamak sahypasyna hoş
geldiňiz! ”Adam diňe bir
çörek bilen däl-de, eısem, Hudaıyň
agzyndan çykan her bir söz bilen hem
ıaşaıandyr”. Biz köplenç:
”Gündelik çöregimizi bize şu gün
ber” diıip dileg edıäris.
Geliň biziň gündelik
ruhy çöregimiz üçin hem
dileg edeliň. Goı bu okamak
arkaly Taňry Isa Mesih size ak pata
bersin.
Möhüm
bildiriş: Biziň gündäki berıän
Mukaddes Kitabyň bölekleri,
Mukaddes Kitabyň aıratyn bir düşündiriş
kitaby ıada wagyz däldir.
Muny siz gündäki Mukaddes İazgynyň
bir böleginden okap we pikirlenip
hem-de şuňa laıyklykda ybadat
etmäge ıönekeı bir kömek ediji
usuly hökmünde kabul ediň. Goı
diri Hudaıyň Özi size Öz Sözünden
ylham bersin.
İAŞAİŞY SAİLA WE İAŞA
Kanun taglymaty 30:1-20
«Bu gün siziň öňüňizde
ıaşaıyş we ölüm, alkyş we nälet
goıandygyma size garşy şaıat bolmaga
asmany we ıeri çagyrıaryn. İaşaışy
saılaň, şonda siziň özüňiz hem
ıaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ıaşar. (19)
1.
Rebbe ıüzleniň (1-10)
Hudaıyň adamlary günä eden mahaly, Hudaı
olara jeza berıär. Bu barada bütin
Mukaddes Kitap, ıagny Täze we Köne Äht
aıdıar. Emma haçanda olar ıürekden toba
edip, Oňa ıüzlense we Oňa boıun bolsa,
onda Hudaı olaryň bereketlerini artdyryp
başlaıar. Hudaı Öz perzentleriniň
ıüreklerini sünnet edıär we olara Ony
bütin ıüregi, jan-teni bilen
söımekligine hem-de ıaşamaklygyna
mümkinçilik berıär (6). İürekleriň
sünnet edilişi diımeklik – bu tüıs
ıürekden toba etmeklik we Reb Hudaıy
ıürekden söımeklikdir. Hudaı kimi söııän
bolsa, oňa jeza hem berıändir, sebäbi Ol
olara ak pata bermek isleıär.
2.
İaşaıyş we ölüm goııaryn
(11-20)
İaşaıyş ıoly – bu Hudaıyň
Sözünde. Ony ynam bilen kabul etmeli,
ıüreklerimizde saklamaly, durmuşda boıun
bolmaly we başgalar bilen paılaşmaly
(Rim.10:5-11). Ölüm ıoly – bu gozgalaň
turuzmaklyk, boıun bolmazlyk we
butparazlyk. Eger Hudaı biziň
ıüreklerimizde bolsa, onda Ol bizde
Hökmürowan bolmaly. Biz ıüreklerimizi
birine ıa-da bir zada berip ıitirmeli
däldiris, ony diňe Hudaıa
tabşyrmalydyrys, şonda biz ıaşaıyş
ıolunda bolarys.
Ybadat:
Taňrym, men Seni çyn
ıürekden söımegim üçin, meniň ıüregimi
sünnet et. Meniň ıüregimde ähli
butparazlygy ıok et. Seniň Sözüňe boıun
bolmaga we Seniň ıoluň bilen gitmäge
kömek et.
Bir
sözlem:
İaşaışy saıla we ıaşa!
ÖZÜŇIZIŇ HEM MÜSÜRDE GUL
BOLANDYGYŇYZY İATDAN ÇYKARMAŇ
Kanun taglymaty
24:1-22
«Özüňiziň hem Müsürde gul
bolandygyňyz we Hudaıyňyz Rebbiň sizi ol
ıerden azat edendigini ıadyňyzdan
çykarmaň. Şonuň üçin men size şeıle
etmegi buıurıaryn»(18)
1. Başgalaryň ejizligini
ulanmaň (1-6)
Dünıäde köp bir hukugy
bolmadyk aıallara, kanun olara gorag
berdi. Kanun täze maşgala aıaga galyp
güıçli bolmagy üçin gorag berdi (5).
Soňam kanun adalatly çözgüdi berıärdi. «Hiç
kimiň degirmenini ıa-da degirmen daşyny
girewine almaň, çünki bu onuň durmuşyny
girewine aldygyňyz bolar» (6). Bu
diıilmegi sen hiç wagt, hiç adamyň güıç
bilen, ıa-da biriniň üsti bilen geljek
çöregini, hyzmatyny aljak we ıapjak
bolma! Eger beıle etseň, onda hiç wagt
unutma, görünmeıän gözler ıokardan seni
görıändir we seniň ädimleriň Beıik
Hudaıa aıandyr. Adam seniň öz şahsy
peıdaňa ıetjek maksadyňdyr,
niıetleriňden wajypdyr, şonuň üçin kanun
gowşaklary goraıardy.
2. Unutmaň, siz hem
gulduňyz (7-22)
Egoist adamlar özüniň öňki ıagdaıyny
unudyp, öz doganlaryny satyp gul edip
bilıärler.(7)
Bu gaty gazaply ıagdaıdyr. Doganyňy
satyp, özüňi ösdürmek bu Hudaıyň öňünde
nejislikdir. Hudaıyň kanunlary adalatly
we Hudaıyň halkyny päk durmuşa çagyrıar.
Biziň her birimiz: hakyna tutulan
işgärleriň, garyplaryň, garamaıaklaryň,
gelmişekleriň, çagalaryň, ıetimleriň we
dullaryň ejizligini ulanmaly däldiris,
şeıle hem bir maşgalanyň şatlygyny
elinden almaly däldiris. Olaryň her
birine ıüregiň awamaly we olara kömek
etmeli. Kömek edende-de kömegiňi
gizlinlikde etmeli, ol kömegiňi adamlar
däl-de, diňe Hudaıyň Özi bilsin! Eger
biz
Hudaıyň
bize
bolan
rehimini
unutmadyk
bolsak,
onda
biz
olara
kömek
etmän
we
olary
goldaman
durup
bilmeris.
Ybadat:
Taňrym, meniň ozal gul
bolandygymy we Seniň meni gulçylykdan
azat edendigiňi hiç wagt unutmazlyga
kömek et!
Bir sözlem:
Hudaıyň rehimini
unutma!
PAWLUS TIMOTEOSY SAİLAİAR
Resullaryň işleri 16:1-5
«Pawlus Derbe we
Listra-da geldi; inne, ol ıerde ejesi
imanly ıehudy we kakasy grek bolan
Timoteos atly bir şägirt bardy» (1)
1. Pawlus Timoteosy özi
bilen äkitmegi çözıär (1-3)
Pawlus missioner we şägirt edip
taııarlamak üçin ıaş ynanıan adamy
tapıar. Pawlus Markusy taııarlamak
isledi, emma Markus missioner durmuşynyň
kynçylyklaryny başdan geçirip
bilmeıändigini gördi. Pawlus Listra
gaıdandan soňra(Listrada Pawlusy
daşlaıarlar), ol ıerde mert we berk
ynanıanlary görıär. Olaryň içinde
Timoteos we onuň ejesi bardy. Timoteos
sünnet edilmedikdi, sebäbi onuň kakasy
grekdi. Pawlus ıakynda sünnet barada
çekişmelerde ıeňiş gazanypdy, ol
ıygnanyşyklara gowy habar getirıärdi we
bu habar ynanıanlar üçin örän wajypdy.
Emma ol Timoteosy ıahydylar üçin
sünnetledi. Mümkin, Pawlus Timoteosy
hemmeler üçin taııarlaıar.
2. İygnaklaryň imany
berkeşıärdi (4-5)
Ynanıanlar Pawlus bilen Timoteosyň
ynamyny görenlerinde ynamda berkeşıärdi.
Aıratynam Hudaıyň ulanıan adamy bolmak
üçin ynam we boıun bolmagyň gerekdigini
bilenlerinde olar ynamda has
berkleşdiler.
Ybadat:
Taňrym Isa, maňa Seniň
gowy şägirdiň bolmagyma kömek et we
şägirt taııarlap bilmegime ıardam et!
Bir sözlem:
Şägirt taııarla!
BAGTLY
ADAM
Mezmur
1:1-6
Onuň keıpi
diňe Rebbiň
kanunyndadyr,
gije-gündiz
Onuň kanuny hakda
pikire gidıändir
(2)
1. Miwe getirıän
durmuş (1-3)
Mezmur iki dürli
adamy beıan edıär.
Birinji –
bu bagtly adamlar,
sebäbi
olar miwe getirıärler.
Bu adamlar erbetleriň
maslahatyny kabul etmeıär.
Bagtlylar günä
iterıän
adamlaryň arasyna
barmaıar.
Bagtlylar Hudaıyň
üstünden
we Onuň halkynyň
üstünden gülıän
we töhmet atıan
adamlara özüni
goşmaıar.
Biziň döwrümizde
hem Oňa ynanan
ıaly bolup görünıan
«ıalan mesihiler»
örän kändir,
iň erbedi
- bular aldaw ıoly
bilen mesihilikde uly jogapkärli
hyzmatlary eıeleıärler.
Hudaıyň
Mukaddes Ruhy bularyň
syrlaryny bagtlylara aıan
edıär we
bagtlylar olaryň
maslahatyna gitmeıär,
olaryň ıolunda
bolmaıar we olaryň
meılisinde
oturmaıar!
Miweli agajyň
köki
çuň ıerde,
akar suwlar ıakasynda
bolşy
ıaly,
bagtly adamyň hem
köki Hudaıyň
çuňňur Sözündedir.
Beıle adam
aňyny we
ıüregini Hudaıyň
Sözi bilen
doldurıar.
Agaç öz
wagtynda miwe getirıär,
sebäbi onuň
köki
guramaıan
çeşmeden
suwy alıar.
Eger adamyň
köki Hudaıyň
Sözünde
bolsa, adam gowy
miweleri getirer.
2.
Ownuk samany
(4-6)
Köksüz
adam özi barada
akylly we azat diıip
pikir edıär,
emma bu beıle
däl.
Mukaddes Kitap beıle
adama erbet diıip
at berıär.
Ol höküm
gününde
ıok bolup gider.
Beıle
adamlarda ne kök,
ne miwe,
nede bagt bardyr!
Ybadat:
Taňrym, Seniň Sözüňi
ıüregimde berk saklamaga kömek et we
meniň durmuşym Saňa köp miwe getirsin!
Bir sözlem:
Akar suwlar ıakasynda
ekilen.
MUKADDES HALK BOLMAK
Kanun taglymaty 22:1-30
«Biriniň azaşyp gelen öküzini ıa-da
goınuny görübem görmediksirän bolmaň.
Ol mallary eıesine
getirip beriň»
(1)
1.Äsgermezlik etme
(1-12)
Rebbiň islegi – bu Onuň halkynda
jogapgärçilik duıgysynyň bolmagy. Hudaı
olarda doganyna, hat-da mal-mülküne
jogapgärçilik duıgusynyň bolmagyny
isleıär. Biz Kabyl ıaly «ıüreksiz»,
dogana biparh seredıän, ıa-da
äsgermezlik edıänlerden bolmaly däl. Reb
Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diıip
soraışy ıaly bizden sorasa we biz hem
Kabyl ıaly: «Habarym ıok, men näme
doganymyň sakçysymy?» diıip jogap bersek,
onda biz Kabylyň yzy bilen onuň ıolundan
gidıäris we bu ıol ak patadan mahrum
bolan ıoldur. Her bir ene-ata öz
çagalarynyň birek-biregi goramagyny,
birek-birege jogapgär bolmagyny isleışi
ıaly, Hudaı hem Öz çagalarynyň şeıle
bolmagyny isleıär. Hudaıyň halky – biz
Hudaıyň Sözünde terbiıelenen
bolmalydyrys. Bizde adalat we rehim
duıgusy bolmaly. We bu duıgulyaryň
çuňňur we giň bolmagyny, hat-da diňe bir
doganyňa däl, eısem her bir adama,
galybersede ıaradylyşa siňip gitmegini
Hudaı isleıär. (Aıdyň mysal - bu
Kan.taglym. 22:6-7). Bu kanunlar
Hudaıyň halkyna birek-birege alada
etmäge we ıürekleri hem-de durmuşy päk
saklamaga kömek berıärdi.
2. Jynsy
gatnaşyklar barada kanunlar (13-30)
Hudaı jynsy gatnaşyklary adamzada ak
pata bolmagy üçin ıaratdy. Munuň
maksady – maşgalany baglaşdyrmak we
nesili dowam etmekdir. Haçanda bu
zatlar Hudaıyň maksadyna we Onuň erkine
görä edilse, onda bu - gymmat sowgatly
we ak pataly durmuşa öwrüler. Emma
haçanda erkek adam we aıal Hudaıyň
kanunyny bozup bikanunlyk etseler, onda
olar ak pata bilen baglaşdyrlan
jogapgärligi ret edip, öz durmuşlaryny
bozıarlar, olar öz maşgalalaryny bozup,
hat-da bütin jemgyıeti ahlak taıdan
bozulmaklyga eltıärler. Hudaıyň Sözi
indi dikelen Hudaıyň halkyna: «Siz öz
araňyzdan pisligi aıryp taşlaň» diılendi.
Ybadat:
Reb, maňa arassa durmuşy
ber. Mende jogapgärçilik duıgylaryny
ıarat we ösdir; biparhlygy, äsgermezligi
menden düıbi bilen aıyr.
Bir sözlem:
Jogapgär bolmak.
BIZIŇ
WATANYMYZ GÖKDEDIR
Filipililer 3:17-21
«Biziň watanymyz Gökdedir. Şol ıerden
hem Halasgäre, Reb Isa Mesihe
garaşıandyrys»(20)
1. Mesihiň haçyna duşmanlar (17-19)
Resul Pawlus Mesihiň haçyny söııärdi,
sebäbi haçyň üsti bilen ol Hudaıyň
söıgisini we bagyşlama rehimini tanapdy.
Resul Pawlus görelde alar ıaly nusga
boldy. Ol bizi Mesihiň haçyna duşman
bolup gezmezligimize öwüt-nesihat etdi.
Günäde ıaşamak we dünıewi mesihi bolmak
– bu Mesihiň haçyna garşy söweşi alyp
barmakdyr. Resul Pawlus olaryň soňy
heläkçilikdir diııär.
2. Watanymyz Gökdedir (20-21)
Gökleriň watandaşlary – bu Halasgär
Isanyň ıenede ıere geljegine tüıs
ıürekden garaşıanlardyr. Eger biz Reb
Isa gözümizi diksek we Oňa bil baglasak,
onda Ol bizi Öz şöhratly bedenine
meňzetmek üçin Özüniň ähli zady başarıan
güıji bilen bizde iş alyp barar. We
şunlukda Ol bizi Gökdäki öıümizde
ıaşamagymyza taııarlar.
Ybadat:
Gökdäki Atam, meniň ıüregimde we
pikirimde hökümdarlyk et! Maňa iımit,
geıim, maşyn, kompıüter hakda
aladalanmazlyga hem-de televizoryň
başynda köp wagt geçirmezlige kömek et.
Maňa Seniň Ogluň Isa gözümi dikmegime we
Oňa bil baglamagyma kömek et.
Bir sözlem: Gökdäki Patyşalyga
mynasyp bolup ıaşa
ONUŇ DIRELIŞ GÜİJÜNIŇ NÄHILIDIGINI
BILMEK
Filipililer 3:10-16
«Ölüminde Oňa meňzäp, Ony tanamak,
direlişiniň güıjüni, görgülerine
şärkligiň nähilidigini bilmek» (10)
1. Men Mesihi bilmek isleıärin (10-11)
Elbetde Resul Pawlus Taňry Isa Mesihi
bilıärdi. Emma Onuň söıgisiniň
çuňňurlygy we güıjüni kim tanap biler?
Eger biz Onuň bilen bile ejir çekıän
bolsak we Onuň ölümine degişli bolsak,
onda biz Mesihiň ölümden direlişiniň
güıjüni tanap bileris. Mesih bu
dünıäniň günäleri üçin haçda ejir çekip
ölıär. Adamyň günäli islegleri Hudaıy
gamlandyrıar (Barlyk 6). Taňry Isa
Iıerusalimiň jogapkärsiz ıaşaıjylary
üçin we olaryň toba edesi gelmeıändigi
üçin aglady (Lk.19:41).Taňry Isa meniň
günälerim üçin haçda öldi. Men toba
edemde, men öz günälerimi Onuň haçyna
goııaryn we öz günäli tebigatym üçin
ölıärin we men Taňry Isa bilen bilelikde
ıaşaıaryn (Rim.6:5). Eger men bu ölen
dünıä üçin Onuň maňa taııarlan hyzmatyny
we çakylygyny kabul etsem, onda men Onuň
bilen bile ejir çekme ıolundadyryn.
2. Men maksada ıetmek üçin çalyşıaryn
(12-16)
Kämil mesihi – bu ösıän mesihi.
Durmuşyň ylgawy pellehana lentasy kesip
geçenimizden soň gutarıar. İagny,
Gökdäki Patyşalygyň altyn derwezesinden
geçenimizden soň, durmuşyň ähli
kynçylyklary gutarıar. Eger biz ösmeıän
bolsak, onda biz yza gidıäris.
Ybadat:
Taňrym, Seni gamlandyrıan meniň
günälerimi ıigrenmegime kömek et. Özüm
we günälerim üçin günde ölmegime kömek
et. Seni tanamagymda, Seniň direliş
güıjüňi bilmegime we maksada ıetmegime
kömek et.
Bir sözlem:
Mesihi tanamak
MESIH
ÜÇIN
EJIR
ÇEKMEGIŇ
AJAİYPLYLYGY
«Çünki
Mesihiň hatyrasyna Oňa diňe iman
getirmek däl, eısem, Onuň ugrunda görgi
görmek hem size berlendir» (29)
1.
Gezişiňiz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp
bolsun (27-28)
Hudaı hiç kime aladasyz, ıeňil durmuşy
wada bermeıär. Biz entäk ıerdekä hemme
zat bolmagy mümkin. Emma näme bolsada,
biz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp tärde
özümizi alyp barmaly. Resul Pawlus bize
Hoş Habara bolan iman üçin biziň bir jan
bolup göreşmegimizi ündew edıär. Eger
Hoş Habary kabul etmeseler biz gorkmaly
däl hem-de aladalanmaly däl. Gorky
adamlary kompromise ıa-da birek-birek
bilen uruşa eltıär. Biz hemişe
Hudaıda,
Onuň aıdıan
Sözünde
berk durmaly.
Hudaıyň Diri Sözi - biziň halas
bolmagymyzyň çeşmesidir.
2. Onuň
ugrunda görgi
görmek hem size
berlendir (29-30)
Her kim wagtal-wagtal
ejir çekmeleri we
kynçylyklary başyndan
geçirıär.
Hudaı bolsa Oňa ynanıanlara Mesih
ugrunda görgi görmegiň ajaıyplylygyny we
munyň Hudaıyň planynda bardygyny aıdıar.
Dünıädäki manysyz ejir çekmeler bizde
göwniçökgünligi we başarnyksyzlygy emele
getirıär. Emma Isa Mesih ugrunda
görgüler we yzarlanmalar – bu biziň
Mesih bilen bile ejir çekmegimizdir. Bu
bize Taňry Isany köp bilip, Ony
söımegimize, Oňa meňzeşlikde ösmegimize
we Hudaıy şöhratlamaga mümkinçilik
berıär. Geliň biziň ejir çekmelerimizi
Taňry Isa bereli we görgilerimizi ynam
bilen ıeňip geçmegimiz üçin ybadatda
Onuň öňünde dyza çökeli.
Ybadat: Taňrym, maňa Hoş Habara
mynasyp tärde gezmäge kömek et; men
Seniň ugruňda Isam görgi göremde we
yzarlananymda, maňa şatlanyp bilmegime
kömek et. Muny maňa öwret.
Bir
sözlem: Hoş Habara mynasyp bolup
gezmek
HUDAİYŇ
TERBIİESI
Kanun taglymaty
8:1-20
«Siz şuny
ıüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny
terbiıeleışi ıaly, Reb hem sizi
terbiıeleıändir» (5)
1. Boıun egijilik
terbiıesi (1-9)
Ysraıylyň 40 ıyl çölde bolmagy ıöne bir
boş, maksatsyz ıöreıiş bolmady. Hudaı
olaryň ıaşamagy üçin terbiıe berıärdi.
Hudaıyň terbiıesi – bu Hudaıyň
söıgisidir. Biziň ruhy duşmanymyzyň biri
– bu tekepbirlik. Çölde terbiıe
bermegiň bir maksady – bu ysraıyllylary
öz adam ukyplaryna garaşly bolman, eısem
Hudaıdan garaşly bolmagy öwretmeklikdi.
Hudaı olary Özüne boıun egdirip aç
goııär we olary manna bilen naharlady.
Ol muny ynsanyň diňe bir çörek bilen
ıaşaman, eısem, Rebbiň agzyndan çykıan
her bir sözi bilen hem ıaşap
biljekdigine düşünsin diıip etdi.
Hudaıyň kanunlaryna boıun bolmak üçin
pes göwünli ıürek gerek.
2. Şadyıan wagtyň Hudaıy
merhemetle (10-20)
Hudaı bize ak pata berip bizi baı we
kanagatly eden wagty, bize Hudaıy
unutmak gaty aňsat. Hat-da Hudaıyň
aıtmagyna görä bize şeıle pikiriň
gelmegi-de mümkin: «Men öz güıjüm bilen
ıa-da öz golumyň gudraty(talantlarym)
bilen bu baılygy topladym!» Emma ähli
talantlar Hudaıydan gelıändir (18). Hudaıyň
halky Hudaıy şöhratlap, Oňa minnetdarlyk
bildirmeli we ak patanyň gelmegi we
çeşmesi diňe Hudaıdadygyny unutmaly däl!
Biz Hudaıyň çagalary pes göwünlilik
bilen Onuň kanunlaryna boıun bolmaly we
Onuň Sözi boıunça durmuşymyzy gurup,
Onuň yzy bilen gitmeli. Bolmasa Ol
söıgisidir, goragyny we ähli
talantlaryny yzyna hem alyp biler!
Ybadat:
Taňrym, Seniň terbiıeleıän we goraıan
söıüji eliň we halas edıän rehimiň üçin
minnetdar!
Bir sözlem:
Hudaıa pes göwünli ıürek bilen bil bagla
ÇÖLDÄKI TERBIİE
Kanun taglymaty 2:1-37
«Hudaıyňyz
Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan
işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz
çölüň içi bilen barıandygyňyzy Ol
bilıärdi. Şol geçen kyrk ıylyň içinde,
Hudaıyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz
hiç zada zar
bolmadyňyz.»(7)
1. Hudaı
bilen çölde
durmuş (1-23)
Ysraıyllylar
çölde 38 ıyl
boldylar. Eııäm
Hudaıa boıun
bolmadyk we söweşde
bolan bir nesil ölıär.
We Hudaıyň
wagty geldi.
Hudaı
olara demirgazyga gitmegi buıurıar.
Ysraıyllylar
eııäm olary gowy
görıän
we olar barada alada edıän
Hudaıa bil
baglamaklygy öwrendiler
(7). Hudaı
ysraıyl
halkyny edomlylaryň,
ammonitleriň
we moawyň ıerlerinden
geçen mahaly bu
halklara degmezligi,
olaryň ıerlerinden
geçen mahaly olar
iımit we suw
üçin töwlemeklerini
buıruk berıär.
We ysraıyl
halky Hudaıa boıun
bolıar.
2. Heşbonyň
şasy Sihony ıeňiş
(24-37)
Halk heşbonyň
şasy Sihony uruşda
ıeňip,
birinji gezek ıeňişiň
tagamyny bildi.
Sihon ammoreı şasy
bolan. Ol ysraıyllylara
öz ıurdundan
geçmegi gadagan
edıär,
sebäbi
Hudaı onuň
ıüregini gataldıar.
Ysraıyl
Hudaıa boıun
bolup, Oňa
bil baglaıar.
Olar söweşdiler
we ysraıyllylar
ıeňdiler.
Hudaı bu
ıeňişi
ulanıar,
bu ıeňiş
arkaly Hudaı
Kengan halklaryň
ıüreklerinde ysraıyllylara
bolan gorkynyň bolmagyny we
şol bir babatda ysraıyllylaryň
ıüreginde ıeňiş
duıgusyny
we ynamy döretmek
isledi. Şeılelikde
ysraıyllylar Hudaıa
bil baglamagy öwrendiler.
Hudaıa bil
baglap bilmek –
bu biziň hem
durmuşymyzda
ıeňişdir.
Ybadat:
Taňrym,
her bir ıagdaıda
Saňa bil baglap
bilmegi we ynanmagy öwret!
Bir
sözlem:
Hudaı Öz
halkyny bilıär
İITEN
GUZY
Lukanyň Hoş Habary 15:1-10
«Sizden biriniň ıüz
goıny bar we olaryň birini ıitirıär
diıeli. Ol togsan dokuzysyny
düzde goıup, tapıança, ıiteniň yzyndan
gitmezmi?» (4)
1.
Çopan ıüregi (1-7)
Günäkärler Reb Isanyň ıanyna gelıärdiler.
Adamyň suwsap suwy küıseışi ıaly, olar
Hudaıyň Sözüni – İaşaıyş Suwyny küısäp,
Ondan ganmak isleıärdiler.
Fariseıler(ıagny dini ıolbaşçylar) Reb
Isany günälileri kabul edıänini
ıüreklerinde ıazgarıardylar.
Fariseıleriň kynçylygy, olar Hudaıyň
ıüregini bilmeıärdiler. Bu ıerde çopan
her bir ıiten guzusy hakda alada edıär.
Ol 99 sany goıuny düzde goıup, tä
tapıança ıiten ıekeje goıunyň yzyndan
gidıär. Onsoň ol şatlyk bilen ony öıüne
getirip dostlaryny çagyryp, öz şatlygy
bilen paılaşıar. Biziň bu dünıämizde
ıiten guzylar kän. Biz olary tapmaly,
olary Reb Isa we toba getirmäge kömek
etmeli. Olar toba eden wagty, Hudaı we
Onuň Perişdeleri bütin asmany şöhratly
aıdymlary bilen doldurıarlar.
2.
Bir aıalyň jan edijiligi (8-10)
Bir aıal özüniň 10 sany kümüş
teňňesinden birini ıitirıär. Ol tä şol
ıiten kümüş teňňäni tapıança birahat
bolıar. Bu aıal ıiten teňňäni tapandan
soňra ol örän şatlanıar, hat-da öz
joralaryny çagyryp öz şatlygy bilen
paılaşıar. Bu tymsal Hudaıyň bir
günäliniň toba gelenligine gaty
şatlanıandygyny aıdıar.
Doga:
Rebbim Isa, maňa adamlary Seniň ıanyňa
getirmegim üçin çopan ıüregi we
şatlanıan ruhy ber! Men Saňa gelen her
bir adam üçin şatlanyp bileıin!
İekeje söz: Mesihiň Çopan ıüregi
mende hem bolsun.
SIZ GÖRÜP
- EŞIDENLERIŇIZI
HABAR BERIŇ
Luka
7:18-23
22
«Şeılelikde, Ol olara şeıle
diıdi: «gidiň-de, görüp – eşidenleriňizi
İahıa habar beriň: körler görıär,
agsaklar ıöreıär, heıwere
keselliler tämizlenıär, kerler eşidıär,
ölüler direlıär, garyplara Hoş
Habar wagyz edilıär».
23
«Men sebäpli büdremedik bagtlydyr».
1.
Sen şol geljek Mesihmi? (18-20)
İahıa
çokundyryjy şol döwürde ıaşaıan
adamlary Taňry Isanyň
gelmegine taııarlanmaga çagyrıardy.
Onuň toba etmek hakdaky
wagyzy hemmeleri, hat-da patyşanyň
günäsini paş edıärdi. Şonuň
üçin İahıa çokundyryjy tussaga alynıar
we basym öldürilmelidi.
Ol Taňry Isa Mesihiň täsinlikler
edıändigini eşidıär.
Emma Isa Mesih İahıanyň
zyndana taşlanandygy barada hiç
alada etmeıän ıalydy. İahıa
Reb Isanyň – Mesihdigine (ıagny
Halasgärdigine) şübhelenip başlady.
Mümkin İahıa çokundyryjy onuň
Mesih tarapyndan zyndandan azat etmegine
garaşandyr.
Emma Mesih İahıanyň bakyıete,
Hudaıyň Patyşalygyna geçip,
ebedi azat boljakdygyny ozaldan bilıärdi.
Her bir agyr ıagdaılarda Hudaıyň
hyzmatçylary şübhelenmäge ıakyndyr.
Şonuň üçin İahıa çokundyryjy
özüniň iki sany şägirtlerini
Taňry Isanyň ıanyna iberıär.
Edil İahıa çokundyryjy ıaly
biz hem öz soraglarymyzy we şübhelerimizi
Taňry Isa getirmeli.
2.
Körler görıärler (21-23)
Taňry
Isa İahıany görmäge zyndana
barmadygy hakda hiç zat aıtmaıar. Gaıtam Ol Özüniň pygamberlikleriň üsti bilen
bolan (Işaıa 35:5,6; 61:1)
hyzmatyny beıan edıär.
Taňry Isa Mesih Özi barada
pygamberliklerde aıdylyp geçilen ähli
zady berjaı etdi.
Isa Mesihiň hyzmaty bütinleı
Ata Hudaıy şöhratlaıardy.
Isa Mesih Hudaıyň
wepalylygyny we hökümdarlygyny aıdyň
görkezıärdi. Isa Mesihi kabul edenler hakykatdan bagtlydyr.
Ybadat:
Taňrym
Isa, meniň durmuşymda Seniň
edıän işleriňi göreıin!
Kynçylyklarda Seniň
wadalaryňda şübhelenmän berk
durmaga kömek et!
Bir
sözlem: Men
sebäpli büdremedik bagtlydyr!
|